Baýramçylyk dabaralary
2020-nji ýylyň 31-nji maýynda Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli «Aşgabat» seýilgähinde M.Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky D.Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň mugallymy E.Jumanyýazowyň ýolbaşçylygyndaky simfoniki orkestriniň Aşgabat şäheriniň çagalar sungat mekdepleriniň birleşen hor toparlary bilen bilelikdäki çykyşlary guralan baýramçylyk dabarasy geçirildi. Konsertde türkmen we daşary ýurt kompozitorlarynyň çagalar üçin döreden eserleri, şeýle-de multfilmleriniň, ertekidir, kinofilmleriniň aýdym-sazlary ýaňlandy. «Şowhun» çagalar tans topary ertekileriň, multfilmleriň gahrymanlarynyň keşplerini janlandyrýan şowhunly tanslary ýerine ýetirdi. Dabaranyň ahyrynda konsertde çykyş eden ýaş çagalara mekdebiň Ýaşlar guramasy tarapyndan hormat hatlary we sowgatlar gowşuryldy. Baýramçylygyň çäklerinde B.Amanow adyndaky çagalar kitaphanasynyň hem-de Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň zehinli talyplarynyň çeken surat eserleriniň sergileri gurnaldy.
2020-nji ýylyň 1-nji iýunynda «Aşgabat» seýilgähinde Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli baýramçylyk dabarasy geçirildi. «Aşgabat» seýilgähiniň Magtymguly şaýoly tarapyndaky girelgesinden başlap, çagalaryň ýörişiniň geçirilen merkezi ýodasy, basdyrmajyklar, konsert dabaralarynyň geçirilýän ýerleri baýramçylyk lybasynda bezeldi. Baýramçylyk ýörişine «Şowhun», «Aýjan», «Meňli», Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk medeniýet öýüniň çeper höwesjeňler topary, 3-nji çagalar sungat mekdebiniň «Bagtyýar nesil» çagalar tans toparlary, eneler, tigirli çagalar, kiçi oýnawaç awtoulagly çagalar, elleri gurjakly gyzjagazlar, şeýle hem baýramçylyk lybaslaryndaky çagalar gatnaşdylar. Sazandalar topary, bezelen gezelenç otlusy, elleri gülli we howa şarly şadyýan çagalar, dürli ertekileriniň gahrymanlary, sirk oýunlaryny ýerine ýetirýän artistler dabaranyň şowhunyny artdyrdy. Seýilgähiň girelgesinde çep we sag taraplarynda Aşgabat şäheriniň Berkararlyk, Büzmeýin hem-de Bagtyýarlyk etraplarynyň «Nowçalar» öýleriniň baýramçylyk sergisi guraldy. Ýörişiň dowamynda ýoluň ugrunda dürli aýdym-saz çykyşlar ýerine ýetirildi.
Baýramçylyk dabarasynda M.Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky D.Öwezow adyndaky sazçylyk mekdebiniň, Aşgabat şäheriniň 1,2,3,7-nji çagalar sungat mekdepleriniň dutarçylar, skripkaçylar, akkordeonçylar, deprekçiler, Aşgabat şäheriniň sungat mekdepleriniň birleşen tans toparlarynyň, şeýle hem Aşgabat şäheriniň sport mekdebiniň çagalarynyň küşt we futbol sport oýunlary boýunça çykyşlary guraldy.
Seýilgähiň aýdym-saz merkezinde (kiçi amfiteatrda) M. Kulyýewa adyndaky TMK-nyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň okuwçylarynyň çykyşlary, seýilgähiň medeniýet merkeziniň daşynda çagalar çeperçilik mekdepleriniň çagalarynyň surat çekmekleri, «Çaga durmuşyň güli» atly baýramçylyk kitap sergileri guraldy. Baýramçylyk çäresinde Türkmen döwlet medeniýet institutynyň sirk oýunlarynyň, Türkmen döwlet gurjak teatrynyň çykyşy görkezildi.
Birleşen çagalar simfoniki orkestriniň hem-de Aşgabat şäherindäki çagalar sungat mekdepleriniň birleşen horunyň çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli baýramçylyk konserti geçirildi. Konsertde esasan çagalar üçin döredilen türkmen we daşary ýurt aýdymlary ýaňlandy.
Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli, Aşgabat şäherinde ýerleşýän «Ylham» seýilgähinde çagalar ýazyjy-şahyrlary A.Garlyýewiň, G.Annasähedowyň, A.Goçamanowyň şeýle-de G.Babaýewanyň gatnaşmagynda ýörite Tegelek stol teleýazgysy guraldy. Onda Aşgabat şäheriniň Medeniýet müdirliginiň 4-nji çagalar sungat mekdebiniň dutarçylarynyň ýerine ýetirmeginde aýdym-sazlar hem ýazgy edildi.
Baýramçylyk gününde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Türkmenistan – bagtly çagalygyň mekany» atly sergi açyldy. Onda çagalar üçin ýazylan kitaplar hem-de çagalaryň çeken suratlary sergilendi. Şonuň ýaly-da, muzeýde hereket edýän çagalar döredijilik gurnaklaryna gatnaşýan zehinli çagalaryň döredijilik bäsleşikleriniň jemi jemlendi we ýeňijilere baýraklar gowşuryldy.
Türkmenistanyň Döwlet gurjak teatrynda çagalar üçin baýramçylyk oýunlary görkezildi. Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky çagalar kitaphanasynda M.Kulyýewa adyndaky TMK-nyň ýanyndaky D.Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň okuwçylarynyň gatnaşmagynda «Çaga durmuşyň güli» hem-de «Türkmenistan bagtlylaryň mekany» atly kitap sergileri gurnaldy.
Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Aşgabat şäheriniň B.Nuraly adyndaky çagalar-çeperçilik mekdebiniň hem-de Büzmeýin etrabynyň 2-nji çeperçilik mekdebiniň çagalarynyň döreden eserleriniň sergisi gurnaldy. Aýratyn tapawutlanan okuwçylara baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy.
Türkmenistanyň Döwlet sirkinde çagalar üçin sirk tomaşalary üç tapgyrda görkezildi. Mümkinçilikleri çäkli çagalar üçin sirk oýunlaryny tölegsiz tomaşa etmäge mümkinçilik döredildi.
«Älem» medeni-dynç alyş merkezinde çagalar sungat mekdepleriniň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy.
2020-nji ýylyň iýun aýynyň 2-ine tomusky dynç alyş möwsümine çagalary «Gökdere» jülgesine ugratmak boýunça dabaraly köpçülikleýin ýörişinde çykyş eden döredijilik toparlarynyň «Nesil» çagalar dynç alyş merkezinde Türkmenistanyň Inžiner-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň döredijilik toparynyň çykyşlary hem guraldy.
Dabaraly ýörişe Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky D.Öwezow adyndaky Türkmen Döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň üflenip we kakylyp çalynýan saz gurally topary, Aşgabat şäheriniň Çagalar we ýetginjekler köşgüniň «Şatlyk», «Gyzyl güljagaz» tans toparlary, Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň 2-nji we 7-nji çagalar sungat mekdebiniň saz toparlary, ýokary okuw jaýlarynyň talyplary ertekileriň gahrymanjyklarynyň eşiklerinde çykyş etdiler. M.Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep internatynyň üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallar toparynyň hem çykyşy boldy. Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň 3-nji çagalar sungat mekdebiniň «Gündogar kakuwlary» deprekçiler topary hem-de 2-nji çagalar sungat mekdebiniň «Ýaşlyk» akkordeonçylar topary çykyş ederler.
2020-nji ýylyň 3-nji iýunynda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli geçirilen welosiped binasynyň açylyş dabarasy mynasybetli aýdym-sazly çykyşlar guraldy. Çykyşlarda meşhur aýdymçylaryň sport baradaky aýdymlary ýerine ýetirildi. Ýörişiň dowamynda aýdym-saz we tans-döredijilik toparlaryň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Sportuň dürli görnüşlerini wasp edýän aýdym-saz we tans çykyşlary görkezildi.