Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli dabaralar
Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny berkitmekde, ýurdumyzyň halkara giňişligindäki abraýyny pugtalandyrmakda döwlet we jemgyýetçilik işinde uly üstünlikleri gazanandyklary, şeýle-de medeniýetiň we sungatyň ösmegine, ösüp gelýän ýaş nesli Watana bolan söýgi we wepalylyk, mertlik, halallyk, ýokary ruhubelentlik sypatlarynda terbiýelemäge goşan uly şahsy goşantlary üçin hem-de Garaşsyz döwletimiziň we mähriban halkymyzyň öňünde bitiren hyzmatlaryny, köp ýyllaryň dowamynda çeken halal we göreldeli zähmetini nazara alyp, şeýle hem Bitarap döwletimiziň beýik Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli ençeme medeniýet we sungat ussatlary Hormatly Prezidentimiziň Şa serpaýlaryna, ýagny Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk ýubileý we beýleki medallara, hormatly atlara mynasyp boldular.
Şeýle-de «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde, mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň giňden bellenilýän ýylynda ýurdumyzyň edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň we zehinli çagalaryň arasynda yglan edilýän Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň jemi jemlendi. Bu bäsleşik medeniýet we sungat işgärleriniň hünär-başarnyklaryny kämilleşdirmäge, täze döredijilik gözleglerine ruhlandyrmaga, ýaş zehinleri ýüze çykarmaga, döredijilik işgärleriniň türkmen sungatyny we edebiýatyny kämil eserler bilen baýlaşdyrmaklaryna uly ýardam berýär. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde durmuşa geçirilýän iri möçberli özgertmeleriň, ýurdumyzyň dünýädäki şan-şöhratynyň, halkymyzyň asuda, parahat, bagtyýar durmuşynyň, jemgyýetimiziň sagdynlygynyň taryhy ähmiýetini, gadyr-gymmatyny giňden şöhlelendirýän döwrebap, kämil eserleri döredendikleri,
medeni-köpçülikleýin çärelerde, baýramçylyk dabaralarynda üstünlikli çykyş edendikleri, medeniýet ulgamyny ösdürmäge netijeli goşant goşandyklary üçin, şeýle hem ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli, döredijilik işgärlerini edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň hem-de zehinli çagalaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijileri yglan edildi we Şa serpaýlary bilen sylaglandy.
2021-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Şa serpaýlaryna mynasyp bolan raýatlara sylaglaryň gowşurylyş dabarasy boldy.Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Prezidenti Hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowa döwlet sylaglaryna mynasyp bolan medeniýet we sungat işgärleriniň, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijileriniň Ýüzlenmesi kabul edildi. Dabaranyň soňunda geçirilen konsertde baýraklara mynasyp bolan medeniýet işgärleriniň Hormatly Prezidentimize çyn ýürekden hoşallyklary beýan edildi.
Hormatly Prezidentimiz 2021-nji ýylyň 26-njy ýanwarynda paýtagtymyz Aşgabat şäheri boýunça amala aşyran iş saparynda Aşgabat hakyndaky ajaýyp aýdymlaryň birnäçesiniň halkyň hakydasynda galandygyny, şol aýdymlaryň paýtagtymyzyň gözelliklerini, abadan durmuşyny wasp edip, raýatlary il-ýurt bähbitli beýik işlere ruhlandyrandygyny nygtamak bilen, Aşgabat şäheriniň şanly 140 ýyllygyny has-da dabaralandyrmak maksady bilen ýurdumyzyň aýdymçylarynyň arasynda Aşgabat şäherini wasp edýän iň gowy aýdymlaryň bäsleşigini yglan etmek barada tabşyryklary berdi. Şondan ugur alyp, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň 2021-nji ýylyň 10-njy fewralyndaky bilelikdäki Buýrugy esasynda Aşgabat şäherini wasp edýän iň gowy aýdymlary döretmek boýunça bäsleşik yglan edildi. bäsleşik üç tapgyrda geçirilip, jemleýji üçünji tapgyrynda bäsleşigiň emin agzalary tarapyndan Nury Halmämmedowyň sazyna, Geldi Bäşiýewiň sözlerine döredilen, Türkmenistanyň halk artisti Atageldi Garýagdyýewiň ýerine ýetirmeginde «Aşgabat» atly aýdymy ýeňiji diýip yglan edildi. Aşgabat şäheriniň Tähran köçesiniň ugrunda Söwda we dynç alyş, işewürlik merkezleriniň hem-de döwrebap ýaşaýyş jaý toplumynyň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň halk artisti Atageldi Garýagdyýew 2021-nji ýylda öndürilen «Lexus» awtoulagy bilen sylaglanyldy. Bu bolsa Mähriban Arkadagymyzyň medeniýet we sungat işgärlerine aýratyn uly üns berýändiginiň aýdyň subutnamasy bolup, ähli döredijilik işgärlerini buýsandyrdy.
«Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda uludan bellenilen Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk çäreleriniň, sergileriň, döredijilik bäsleşikleriniň, ylmy-amaly maslahatlaryň, teatrlaşdyrylan edebi-sazly çykyşlaryň, şowhunly konsertleriň gyzykly we täsirli bolmagy, watandaşlarymyzyň ýatdan çykmajak wakalaryna öwrülmegi üçin medeniýet we sungat işgärleriniň işjeň we yhlasly zähmet çekjekdiklerini Size habar berýäris.
2021-nji ýylyň 27-nji sentýabrynda Döwlet münberiniň öňündäki meýdançada Garaşsyzlygymyzyň şanly30 ýyllyk baýramy mynasybetli dabaraly ýöriş geçirildi. Ýörişiň dowamynda ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda ýetilen belent sepgitler, gazanylan üstünlikler ýaýbaňlandyryldy. Halkymyzyň özboluşly medeniýetiniň hem-de baý däpleriniň yzygiderli ösüşi hem baýramçylyk dabarasynda öz beýanyny tapdy. «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň meýdançanyň merkezinde gurnalan ýörite sahnadaky çykyşy baýramçylyk ýörişine gatnaşyjylaryň ählisinde uly şatlyk we buýsanç duýgularyny döretdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça döredilen atçylyk sport topary abraýly halkara festiwallarda hem-de bäsleşiklerde hormatly sylaglara we baýraklara ençeme gezek mynasyp bolup, köp sanly tomaşaçylara haýran galdyryjy tilsimleri hem-de at üstündäki oýunlaryň ýokary ussatlygyny görkezdiler. Häzirki wagtda bu meşhur toparda ýaş ýigitler we gyzlar çykyş edýärler. Ol dünýäde iň gowy atçylyk-akrobatik toparlaryň biri hasaplanylýar.
Şatlygyň we ruhubelentligiň egsilmez çeşmesi bolan küştdepdi tansy hem şatlygyňa şatlyk, ruhuňa ruh goşýar. Ýurdumyzyň baş meýdançasyndaky toý dabaralary berkarar we bagtyýar döwrümize, Gahryman Arkadagymyza hem-de Garaşsyzlyk ýyllarynda gülläp ösýän mähriban Diýarymyza bagyşlanan ajaýyp aýdym-sazly tans çykyşy bilen tamamlandy. Bu ýere ýygnananlaryň kalplary ata Watanymyzyň ajaýyp şu gününe, bagtly geljegine buýsanç duýgularyndan
püre-pürlendi.
2021-nji ýylyň 27-nji sentýabrynda Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Mejlisler merkeziniň ajaýyp sahnasynda şanly baýramymyz mynasybetli baýramçylyk konserti geçirildi.
«Garaşsyzlyk – buýsanjymyz, bagtymyz!» diýen watançylyk aýdymy ajaýyp baýramçylyk çykyşlarynyň başyny başlap, Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini, beýik döredijilik ruhuny şöhratlandyrdy. Konsertiň watançylyk mazmunly başlangyjy «Dokmaçylar» folklor-etnografiýa toparynyň «Ýurt asuda, toýlar tutýas Arkadagly Watanda!» diýen kompozisiýa bilen dowam etdi. Bu çykyş bilen bilelikde Garaşsyz Türkmenistanyň ösüşiniň tapgyrlaryny beýan edýän wideoşekiller görkezildi. Şol ösüş tapgyrlary hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan ösüşlere beslenen özgertmeler bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.
«Garaşsyzlygyň merjen däneleri» döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileriniň we çagalar tans toparlarynyň «Garaşsyzlyk gülleri» diýen aýdym-sazly, tansly çykyşy baýramçylyk dabarasyny bezedi. Bu çykyş aýratyn bellärliklidir, çünki bu gün Türkmenistan «Bagtyýar çagalygyň ýurdy» diýlip atlandyrylýar, bu ýerde ýaş nesiller baradaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Esasy mazmuny 2021-nji ýylyň «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýen şygaryny özünde jemleýän bu konsert türkmen sungatynyň baý mümkinçiligini beýan edýän döredijilik görnüşleriniň hem-de ilkinji gezek ýerine ýetirilýän çykyşlaryň köpdürlüligi bilen tapawutlanýar. Çykyşlary bir umumy mazmun birleşdirýär, şol mazmun Garaşsyz Watana hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ägirt uly özgertmeleriniň başyny başlaýjy milli Liderimize söýgüde, mähriban topragymyzyň gözelliginde, adamzadyň baky gymmatlyklarynda jemlenýär. Şeýle hem ýurdumyzyň meşhur döredijilik toparlary, aýdymçylary hem-de türkmen estradasynyň ýyldyzlary, folklor toparlary öz ussatlyklaryny görkezdiler. Şeýle şanly günde konsertde çykyş etmek artistler üçin olaryň ussatlygynyň ykrar edilmeginiň ýokary derejesi boldy.
Türkmenistanyň halk artistleri A.Garýagdyýewiň, K.Täjimowyň, K.Çaryýewiň, A.Saparowyň, A.Myratdurdyýewiň, S.Hojakowanyň, P.Amandurdyýewiň, G,Gurdowanyň, A.Berdiýewiň, Z.Kakaýewanyň, Türkmenistanyň at gazanan artistleri G,Ýazmämmedowyň, N.Rejepowyň, G.Öwezmämmedowanyň, E.Ahmedowyň, A.Atajanowyň, aýdymçylar M.Maksudowanyň, A.Dönmezowyň, A.Seýitgulyýewanyň, L.Ökdirowanyň asuda Watanymyzy wasp edýän hem-de söýgi aýdymlary uly şowhun bilen ýaşlandy. Türkmenistanyň Döwlet tans topary, «Aşgabat», «Näzli», «Laçyn», «Galkynyş», «Serpaý», «Meňli», «Şowhun» tans-folklor toparlarynyň çykyşlary dabaranyň täsirliligini hasam artdyrdy. Artistleriň bagyş eden ýürek mähri, zehini tomaşaçylarda gyzgyn seslenme tapdy, häzirki zaman tehnologiýalarynyň ulanylmagy bolsa baýramçylyk konsertiniň aýratyn özboluşlylygyny ýüze çykardy. «Dehistan» folklor toparynyň tansçylarynyň çykyşy baýramçylyk konsertine ajaýyp öwüşginleri çaýdy. Olar döwürleriň hem-de nesilleriň aýrylmaz ruhy arabaglanyşygynyň nyşany bolan gadymy küştdepdi tansyny ýerine ýetirdiler. Baýramçylyk konsertine gatnaşyjylaryň ählisiniň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan «Şanly Garaşsyzlyk, eziz Arkadag!» diýen aýdym dabaranyň jemleýji bölegine öwrüldi. Bu aýdym hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda nurana geljege okgunly barýan kuwwatly Watanymyzyň şu günki bagtyýar döwrüne halkymyzyň buýsanjynyň beýikdigini aýdyňlyk bilen görkezdi.
2021-nji ýylyň 27-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şöhratly 30 ýyllygynyň hormatyna dabaralar paýtagtymyzyň günorta böleginde – Döwlet münberiniň öňündäki meýdançada konsert bilen dowam etdi. Bu ýerde, ýurdumyzyň şäherleriniň hem-de obalarynyň merkezi meýdançalarynda bolşy ýaly, ählihalk baýramy gününde ajaýyp aýdym-sazlar ýaňlandy. Şol aýdymlarda türkmen döwletiniň mukaddes nyşanlary, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri wasp edildi. Belli sazandalaryň, halk we estrada aýdymlaryny ýerine ýetiriji meşhur aýdymçylaryň çykyşlary Garaşsyz Watanymyzyň häzirki gazanýan üstünlikleriniň giň gerimini aýdyň beýan etdi. Hemmeleriň «Arzuw» diýen aýdymy ýerine ýetirmegi bilen, baýramçylyk konserti jemlendi. Joşgunly aýdym Watanymyzyň deňsiz-taýsyz üstünliklerine bolan buýsanç baradaky mazmuna baý boldy. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly senesi mynasybetli dabaralar lazer şüweleňi hem-de täze taryhy eýýamyň baýramçylyklarynyň aýrylmaz nyşanyna öwrülen owadan feýerwerkler bilen tamamlandy. Ol köpdürli owadan yşyklary bilen ak mermerli Aşgabadyň gijeki asmanyny ýagtylandyrdy. Lazer şüweleňi Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli baýramçylyga türkmenistanlylar üçin ýakymly sowgat boldy. Sanly tehnologiýalar arkaly döredilýän dürli öwüşginli görnüşler paýtagtymyzyň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen desgalaryny, halkymyzyň milli buýsanjy bolan ahalteke bedewiniň hem-de alabaýyň keşplerini şekillendirdi. Bularyň ählisi tomaşaçylarda uly täsir galdyrdy. Lazer şüweleňi bilen bitewi sazlaşygy emele getiren baýramçylyk mazmunly ýazgylar, feýerwerkiň nurana öwüşginleri häzirki wakalaryň dabaralylygyny hem-de ajaýyplygyny ýüze çykardy.
2021-nji ýylyň 28-nji sentýabrynda Hormatly Prezidentimiz gatnaşmagynda Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna baýramçylyk at çapyşyklary geçirildi. Döredijilik toparlarynyň hem-de bagşylar toparynyň joşgunly çykyşlary bu dabara türkmen toýlaryna mahsus bolan hakyky baýramçylyk öwüşginini çaýdy. Şanly sene mynasybetli toplumyň çäginde däp bolan ak öýler gurnaldy hem-de giň gerimli sergi ýaýbaňlandyryldy.
Baýramçylyk dabarasynda Türkmenistanyň at gazanan artistleri B.Annamyradowyň, E.Ahmedowyň, R.Hudaýberdiýewiň, A.Atajanowyň bilelikde ýerine ýetiren «Bedew ata şan getirdiň, Arkadag!» diýen aýdymyň ruhubelentlik we joşgun bilen hemmeleriň göwnüni galkyndyrdy.
Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli baýramçylyk şowhuny ýurdumyzyň welaýatlarynda ir säherden başlandy. Welaýat merkezlerindäki baýramçylyk meýdançalarynda aýdymçylaryň, bagşy-sazandalaryň belent sesi baýramçylyk ruhuny döretdi. Çykyşlarda Garaşsyz Watanymyz, ajaýyp zamanamyz, Hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli alyp barýan tutumly işleri belentden wasp edildi.