Dostlugyň şanyna ýaňlanan mukam
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagyn da 6-njy awgustda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň gala-konserti boldy. Gadymy Hazaryň kenarynda geçirilen bu döredijilik baýramy hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen türkmen deňiz ýakasynda uly üstünlik bilen geçirilen ýokary derejedäki çäreleriň jemini jemledi.
Milli Liderimiz, Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlary, konsultatiw duşuşyga, zenanlaryň dialogyna, ykdysady foruma we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli önümleriniň halkara sergisine gatnaşyjylaryň wekiliýetleri «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň amfiteatrynda geçirilen konsertiň hormatly tomaşaçylary boldular.
Gala-konsertiň başynda okalan we ýygnananlar tarapyndan uly ruhubelentlik bilen garşylanan hormatly Prezidentimiziň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň döredijilik duşuşygyna hem-de dabaraly konsertine gatnaşyjylara ýollan Gutlagynda: «Medeni ulgamda hoşniýetli halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi halklary biri-birine ýakynlaşdyrýar, däbe öwrülen dostluk gatnaşyklarynyň gerimini has-da giňeldýär» diýip nygtalýar.
Türkmenistanyň dynç alyş zolagynyň amfiteatrynda agşam ýaýbaňlandyrylan dabarada ählumumy parahatçylygyň hatyrasyna dostluk we ylalaşyk atly mowzuk esasy boldy.
Awazanyň deňiz ýakasynda aýdymlar we sazlar ýaňlandy, Merkezi Aziýa döwletleriniň baýdaklary şemala pasyrdady, interaktiw suw çüwdürimleri dürli reňkler bilen öwşün atyp, adam eli bilen döredilen bu gözellik tolgundyryjy baýramçylyk duýgularyny döretdi.
Gala-konsertiň ahyrynda oňa gatnaşyjylaryň hemmesiniň ýerine ýetirmeginde halklaryň mizemez dostlugyna sena hökmünde «Agzybirlik senasy» aýdymy ýaňlandy.
Dabara gatnaşanlar hormatly Prezidentimize Ýüzlenme kabul etdiler we onda milli Liderimize ählumumy parahatçylygyň we ösüşiň, ynsanperwerlik gymmatlyklarynyň dabaralanmagynyň bähbidine alyp barýan işleri üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.
Baýramçylyk agşamy gadymy Hazaryň asmanyny ýagtyldan feýerwerk bilen tamamlandy.