Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabara
2020-nji ýylyň 23-nji aprelinde Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Lebap welaýatynda dabaralar geçirildi. Baýramçylyk mynasybetli Lebap welaýatynyň kitaphanasynyň döwrebap binasynda kitap sergisi guraldy. Dabara gatnaşyjylar bu ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň behişdi bedewlere bagyşlanan «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Gadamy batly bedew», «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitaplar bilen birlikde dünýäniň ençeme dillerine terjime edilen Gahryman Arkadagymyzyň ýiti pähim-paýhasyndan dörän eserler bilen tanyşdylar.
Soňra kitaphananyň maslahatlar zalynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitabynyň nemes, türk we arap dillerine terjime edilen neşirleriniň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Duşuşyga daşary ýurt wekilleri hem gatnaşdylar.
Kitaphananyň eýwanynda ýakynda Ahal we Lebap welaýatlarynyň goraghana zolaklarynda geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň barşynda ýüze çykarylan tapyndylaryň sergisi ýaýbaňlandyryldy. Şol gymmatlyklaryň içinde eýerlenen atyň üstündäki oglanyň şekilini aňladýan syrçaly keramiki heýkeljik, iç ýüzüne bedew atyň şekili çekilen keramiki gabyň bölegi, hyýaly atyň çeper keşbi şekillendirilen hum küýzäniň bölegi hem-de toýundan ýasalan atyň heýkeljigi bar.
Soňra baýramçylyk dabaralary Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki Lebap atçylyk sport toplumynda dowam etdi.
Türkmen bedewiniň milli baýramynyň öňüsyrasynda bu ýerde at çapyşyklarynyň täze möwsümine badalga berildi. Bu ýerde giň meýdançada tanymal estrada artistleri, bagşylar, tans we döredijilik toparlary Garaşsyz Watanymyzy, halkymyzy hem-de milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň il-ýurt bähbitli alyp barýan işlerini wasp edýän aýdym-sazlary ýerine ýetirdiler.
Türgenler öz ussatlygyny görkezdiler, ýaş suratkeşler bolup geçýän wakalary şöhlelendirdiler. Bu ýerde halk amaly-haşam sungatynyň önümleriniň uly sergisi hem ýaýbaňlandyryldy.
Baýramçylyk paýtagtymyzdan we ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan atşynaslary, şeýle hem köpsanly myhmanlary bir ýere jemledi. Toplumyň tomaşaçylar münberi janköýerlerden doldy. Soňra bu ýerde gyzykly at çapyşyklar geçirildi. At çapyşyklarda ýeňiji bolanlara baýraklar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde ata Watanymyzda giňden bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramynyň geçirilmegi halkymyzyň öz ajaýyp bedewlerine we olary ösdürip ýetişdirmek sungatyna çuňňur hormat goýýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär.