Ahal Welaýatynyň Gökdepe Etrabynyň Yzgant Obasynda Geçirilen Dabaralar


Ahal Welaýatynyň Gökdepe Etrabynyň Yzgant Obasynda Geçirilen Dabaralar



2020-nji ýylyň 15-nji fewralynda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant obasynda 2019-njy ýylda ýurdumyzyň iň gowy etraby diýen dereje ugrundaky bäsleşigiň ýeňijisi bolan Gökdepe etrabyna mynasyp bolan baýragy — ABŞ-nyň 1 million dollaryny gowşurmak dabarasy boldy.

Yzgant obasyndaky baýramçylyk çäreleri Berdimuhamet Annaýew adyndaky 27-nji orta mekdebiň öňündäki giň meýdançada başlandy. Bu ýerde myhmanlary çagalar — deprekçiler topary we ýaş aýdymçylar garşyladylar.

Baýramçylyk dabarasyna gatnaşyjylar, ilki bilen, bu mekdepde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň atasy, watançy esger, halypa mugallym, ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýewiň hatyrasyna bina edilen ýadygärlige ter gül desselerini goýup, tagzym etdiler. Soňra baýramçylyk dabarasy türkmen halkynyň milli gelin toýy bilen utgaşdy. Bu ýerde gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan milli däplerimize hem-de bagtyýar zamanamyzyň ruhuna laýyklykda belentden tutulan durmuş toýunyň bu ajaýyp waka bilen özara sazlaşmagy hemmelerde kalp joşduryjy duýgulary döretdi.

Ahal welaýatynyň birleşen dutarçylar toparynyň çykyşlary ata-babalarymyzdan miras galan asylly däp-dessurlarymyzyň üstüni sazlaşykly ýetirdi. Bagşy-sazandalaryň şirin hem labyzly ýerine ýetiren nusgalyk halk aýdym-sazlary ildeşlerimize ruhy lezzet paýlady.

Mundan başga-da, dabarada türkmen toýlarynyň iň gyzykly pursatlary bolan goç süsüşdirmek ýaryşlarynyň guralmagy, onda baýraklaryň goýulmagy, şeýle-de türkmeniň dünýä meşhur alabaý itleriniň naýbaşy tohumlarynyň görkezilmegi ildeşlerimizde aýratyn gyzyklanma döretdi. Soňra Medeniýet köşgüniň maslahatlar zalynda baýragy gowşurmak dabarasy boldy. Dabaranyň başynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gökdepe etrabynyň zähmetkeşlerine, ähli ilatyna iberen Gutlagy okaldy. Soňra Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy Gökdepe etrabynyň häkimine etrabyň mynasyp bolan baýragyny gowşurdy. Soňra Medeniýet köşgünde sungat ussatlarynyň konserti bolup, ol baýramçylyk öwüşginini has-da artdyrdy. Konsertde Türkmenistanyň halk artistleri K.Täjimow, P.Hamydow, Türkmenistanyň at gazanan artistleri A.Gulnazarow, G.Ýazmämmedow, D.Esenow, A.Jepbarow, aýdymçylar A.Atajanow, R.Hudaýberdiýew, D.Amanlykow, Ş.Amanlykow, Ç.Ataballyýew ýaly başga-da birnäçe aýdymçylar, «Bäherdeniň läleleri» aýdymçylar topary öz täze aýdymlary, «Miras», «Dürdäne», «Ahal öwüşginleri» tans toparlary owadan tanslary bilen çykyş etdiler.

Dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimize Ýüzlenme kabul etdiler. Onda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen döwletiniň durmuş-ykdysady taýdan sazlaşykly ösüşine goşýan goşantlaryna berlen ýokary baha üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk sözleri beýan edilýär. Şeýle hem dabara gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyzy ata Watanymyzyň mundan beýläk-de kuwwatlanmagy we şan-şöhratynyň belende galmagy ugrunda ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.