Lebap welaýatynda Täze ýyl mynasybetli baýramçylyk konsertleri geçiriler


Lebap welaýatynda Täze ýyl mynasybetli baýramçylyk konsertleri geçiriler



Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynda Täze ýyl mynasybetli ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlary baýramçylyk konsertleri bilen çykyş ederler.

16-njy dekabrda geçiriljek konsertlerde Lebap welaýatynyň ýaşaýjylary we myhmanlary Türkmenistanyň halk artisti Guwanç Ýazmämmedow, Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşigiň ýeňijileri Parahat Pürjäýew, Rüstem Hallyýew, şeýle-de Zülfiýa Jumabaýewa ýaly sungat ussatlarynyň ajaýyp aýdymlaryny diňläp, özleriniň baýramçylyk şatlygyny artdyryp bilerler.

Konsertler 14:00-da, 17:00-da geçiriler.

Habarlaşmak üçin 48-96-83, 60-15-67 telefon belgilerine jaň edip bilersiňiz.