Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Bagtyýarlyk medeniýet öýi
Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň Parahat ýaşaýyş jaý toplumynda ýerleşýän Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň 200 orunlyk Bagtyýarlyk medeniýet öýi 2014-nji ýylda açylyp ulanylmaga berildi.
Medeniýet öýüniň binasy döwrümiziň iň kämil tehnologiýalar ulgamy bilen üpjün edilen. Onda ilat üçin medeniýetli dynç almaga hem-de özleriniň aň-bilimini kämilleşdirmäge, sungatyň dürli ugurlary bilen meşgullanmaga ähli zerur mümkinçilikler döredilen. Medeniýet ojagynda «Bagtyýarlyk» tans, «Owaz» aýdym-saz, «Çeper eller» el işleri gurnaklary hereket edýär. Mundan başga-da, «Sagdyn bedende sagdyn ruh» şygaryna eýerilip döredilen küşt oýny, çeper okaýyş, nakgaşçylyk gurnaklaryna çagalar uly höwes bilen gatnaşýarlar. Aşgabat şäheriniň №111, 112, 113 hem-de 124-nji orta okuw mekdeplerinde okaýan ýaşlar medeniýet öýüniň işjeň agzalarydyr. Medeniýet öýüniň binasynda Aşgabat şäheriniň №6-njy çagalar sungat mekdebi hem ýerleşýär.
Tejribeli hünärmenlerinden tälim alan höwesjeň şägirtleriň köpüsi Mähriban Arkadagymyzyň çäksiz goldaw-hemaýaty bilen indi asylly däbe öwrülip, her ýylda guramaçylykly geçirilýän «Garaşsyzlygyň merjen däneleri», «Ýaňlan diýarym» telebäsleşiklerine gatnaşyp, üstünlikli çykyş edýärler.
Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň Parahat ýaşaýyş jaý toplumynda ömrüni atşynaslyk, itşynaslyk, el işlerine bagyşlan halypa adamlar bar. Häzirki wagtda medeniýet öýüniň hünärmenleri ýaşuly nesliň wekilleri bilen gürrüňdeşlik geçirip, örän baý ruhy däplerimizi, nakyllardyr atalar sözlerini, rowaýatlary, tymsallary, gelin-gyzlaryň şahyrana döredijiligi bolan läleleri, hüwdileri we beýleki folklor eserlerini toplamagy ýola goýdular.
Medeniýet öýünde talap edilýän iş resminamalary: ýyllyk we aýlyk meýilnamalary, geçirilýän medeni-köpçülikleýin çäreleriň beýanlary, gurnaklara gatnaýan çeper höwesjeňleriň maglumatlary yzygiderli ýöredilýär, işgärleriň hünär kämilleşdiriş işleri yzygiderli guralýar, medeniýet ojagynyň binasynyň hem-de onuň daş-töwereginiň arassaçylygy berk gözegçilikde saklanylýar.
Medeniýet öýünde Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ýeňiş şahamçasy ýerleşýär. Kitaphana gelýän okyjylaryň yzy üzülmeýär. Onuň hazynasynda 19346 kitap bar. Okyjy sany 1062-den gowrak. Kitaphana bitewi elektron kitaphana ulgamyna birikdirilen. Kitaphanada okyjylaryň işjeň gatnaşmagynda Gahryman Arkadagymyzyň kitaplarynyň tanyşdyrylyş dabaralary, täze neşir edilen kitaplaryň sergileri, döwrüň wajyp mowzuklaryna bagyşlanan söhbetdeşlikler, belli ýazyjy-şahyrlar, döredijilik işgärleri, alymlar bilen duşuşyklar, edebi agşamlar yzygiderli geçirilýär.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde milli medeniýetimizi, sungatymyzy ösdürmek, döwrebap, kämil eserleri döretmek ugrunda zerur şertler döredilýär. Şeýle ajaýyp mümkinçilikleriň esasynda medeniýet ulgamynda giň möçberli maksatnamalar, döwrebap taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Bagtyýarlyk medeniýet öýünde alnyp barylýan joşgunly işleriň nusgasy munuň aýdyň nyşanydyr. Bu bolsa, kalplary bagtyýarlykdan telwas urýan halkymyzyň Watanymyza, Gahryman Arkadagymyza, ajaýyp döwrümize beýik buýsanjyny joşdurýar, ýurdumyzy has-da gülletmek ugrunda barha hyruçly zähmet çekmäge ruhlandyrýar.