Medeniýet we sungat ussatlary baýramçylyk konserti bilen Balkan welaýatynda çykyş ederler


Medeniýet we sungat ussatlary baýramçylyk konserti bilen Balkan welaýatynda çykyş ederler



Türkmenistanyň halk artisti Gülşat Gurdowa, Türkmenistanyň at gazanan artisti Begmyrat Annamyradow, şeýle-de aýdymçylar Durdy Durdyýew bilen Arslan Gulmämmedow dagy Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynda baýramçylyk konserti bilen çykyş ederler.

2023-nji ýylyň 14-nji dekabrynda geçiriljek baýramçylyk konsertinde ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlary günbatar sebitiň ýaşaýjylary üçin özleriniň ajaýyp aýdymlary bilen çykyş ederler.

Konsertler 14:00-da, 17:00-da geçiriler.

Habarlaşmak üçin 48-96-83, 60-15-67 telefon belgilerine jaň edip bilersiňiz.