Sungatyň rowaç menzilleri


Sungatyň rowaç menzilleri



30-njy oktýabrda «Jahan» döredijilik merkeziniň açylyşyna bagyşlanyp konsert geçirildi.
Konsertde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň goşgularyna we sazlaryna döredilen aýdymlar ýaňlandy. Olaryň hatarynda meşhur bolan «Leýlisaç barada rowaýat», «Ak güllerim saňa», «Ýadymda», «Bagt nury» diýen aýdymlar bar. Şol aýdymlary Türkmenistanyň halk artistleri Jemal Saparowa, Gülşat Gurdowa, Annaguly Myratdurdyýew hem-de ýurdumyzyň at gazanan artisti Nurýagdy Rejepow ýerine ýetirdiler.
«Dokmaçylar» döredijilik topary, «Meňli», «Serpaý», «Laçyn» tans toparlary aýdymçylara baýramçylyk ruhuny götermäge ýardam etdiler. ...Köp adamyň söýgüsini gazanan «Leýlisaç barada rowaýat» aýdymy ýaňlananda, tomaşaçylaryň kalbyny joşgunly duýgular gurşap aldy. Asmanda gaýyp barýan guşy ýatladýan bu söýgi aýdymy öz ýakymly owazy bilen her bir diňleýjiniň kalbyna ýol saldy. Munuň özi aýdymyň ýokary çeperçilik derejesinde ýazylandygyny aňladýar. «Ak güllerim saňa» atly nurana aýdym hem päk söýginiň beýany bolup, nobatdaky gezek dabara gatnaşyjylarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy. Çuňňur mazmuny, ýakymly owazy bolan bu aýdymyň sözleri baharda açylýan gülleri ýadyňa salýar.
Soňra «Ýadymda» diýen aýdym ýaňlanyp başlanda, şadyýan sazyň owazy bagtyýarlygyň gözel sazy bilen utgaşyp gitdi. «Bagt nury» aýdymy bolsa saz muşdaklaryny bendi edip, adamlaryň kalbyny joşdurdy. Ajaýyp aýdymlar kalbymyzy ganatlandyryp, bagtly döwrümizi ruhlandyrýar diýlip, ýöne ýerden aýdylmaýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň goşgy setirlerine hem-de Kerim Berdimuhamedowyň sazyna döredilen «Sportly Türkmenistan» aýdymy ruhubelentlik bilen joşgunly ýerine ýetirildi. «Amul-Hazar 2018» Halkara awtorallisine, ýurdumyzyň sportda gazananlaryna hem-de ene topragymyzyň gözelligine bagyşlanan bu aýdym Amyderýanyň kenaryndaky gadymy şäherden badalga alyp, Garagum sährasynyň üsti bilen Hazaryň kenaryna tarap ugurda geçirilen ýaryşyň pursatlaryny hakydaňda janlandyrdy. Atanyň we agtygyň - hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Kerim Berdimuhamedowyň bilelikdäki döredijiliginiň miwesi bolan «Rowaç» atly aýdym täze döredijilik merkeziniň açyk konsert meýdançasynyň ýanynda ýygnanan adamlarda ruhy lezzet döretdi. Ýelden ýüwrük Rowajyň keşbi täze döwrüň – ylham-joşgun, ruhubelentlik we döredijilik döwrüniň maksadyny beýan edýär.
Şeýle hem «Toý waspy» atly baýramçylyk çykyşy ýerine ýetirilip, onda çagalykdan köptaraplaýyn ukyp-başarnygy açylan ýaş kompozitor Kerim Berdimuhamedowyň sazly oýlanmasynyň özboluşlylygy öz beýanyny tapdy.
Atasynyň göreldesinden ruhlanan Kerimiň döredýän sazlary, aýdymlary hünärmenleriň, şeýle hem giň köpçüligiň söýgüsini gazandy. Bu bolsa «halypa-şägirt» diýen ýörelgä esaslanan nesilleriň hem-de halkymyzyň milli terbiýeçilik mekdebiniň aýdyň mysaly bolup durýar.
Hormatly Prezidentimiziň we agtygynyň bilelikde döreden ýene-de bir aýdymy – «Arzuw» atly aýdym dabaranyň jemleýji pursatyna öwrüldi. Bu aýdymy konserte gatnaşyjylar bilelikde ýerine ýetirdiler.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu aýdymyndaky şahyrana setirleriň maksady ýetilen sepgitde säginmän, ösmegi we öňe gitmegi, döretmegiň we ösüşiň ýolunda täze mümkinçilikleri açmagy ugur edinýär. Öz öňüňde aýdyň maksatlary goýup, olara tarap dogry ýol bilen gideniňde arzuwlar hasyl bolýar. Aýdym özüniň ajaýyp owazy, joşgunly setirleri bilen dabara gatnaşyjylaryň kalbyny gurşap, ajaýyp täsirleri döretdi. Munuň şeýledigine dowamly el çarpyşmalar şaýatlyk etdi.