«NÄZLI» NAGMALARY
Ýelena Dormidontowa tarapyndan 1993-nji ýylda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň ýanynda «Näzli» tans topary döredilip, soňra bu topar Türkmenistanyň Daşary ykdysady aragatnaşyklar bankynyň garamagyna degişli edildi.
Ýelena Dormidontowa «Watanyň gülleri», «Kerwen sesi», «Ýaz aýdymlary», «Jerenler», «Bagt tansy», «Guş we awçy», «Näzli», «Bibijan», «Aşgabat agşamlary», «Bäsleşik» «Saňa», «Gülleýär gözel diýar», «Al ýaşyl geýinip çykar perisi», «Ak ganatly arzuwlar», «Ajaýyp duýgy», «Gyzlar tansy», «Sallanan gözel», «Düwmeleriň owazy», «Laçynym», «Näzlim», «Ylham» ýaly ençeme ajaýyp tanslary döretdi.
«Näzli» döredijilik topary tarapyndan ýerine ýetirilýän tanslaryň sazlary R.Rejebow, D.Hydyrow, R.Nepesow, O.Igamow ýaly Türkmenistanyň tanymal kompozitorlary tarapyndan ýazyldy.
«Näzli» döredijilik topary özüniň çykyşlary bilen ABŞ-da, Hytaýda, Awstriýa Respublikasynda, Fransiýada, Türkiýede, Rumyniýada, Germaniýada, Russiýa Federasiýasynda, Özbegistanda, Ukrainada döredijilik saparlarynda bolup, olaryň çykyşlary türkmen halkynyň milliligini, däp-dessurlaryny tansyň üsti bilen daşary ýurtly sungat muşdaklaryna açyp görkezýär we dünýä medeniýetiniň ösmegine özboluşly goşant goşýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Näzli» tans toparynyň agzalary ýurdumyzda dabarasy uludan tutulýan milli baýramçylyklarymyzy öz şowhunly çykyşlary bilen bezäp, türkmen medeniýetini we sungatyny ösdürmekde döredilen ägirt uly şertler üçin mähriban Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza çäksiz alkyşlar aýdýarlar.
«Näzli» tans topary ýurdumyzda döredijilik işgärleriniň arasynda geçirilýän Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginde birnäçe gezek ýeňiji boldylar.