Aşgabatda Geýder Aliýewiň doglan gününiň 100 ýyllygy mynasybetli konsert geçirildi


Aşgabatda Geýder Aliýewiň doglan gününiň 100 ýyllygy mynasybetli konsert geçirildi



28-nji noýabrda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen bilelikde guramagynda azerbaýjan halkynyň umumy milli lideri Geýder Aliýewiň doglan gününiň 100 ýyllygy mynasybetli «Geýder Aliýew — Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň doganlygy» atly konsert geçirildi.

Konsert başlamazyndan ozal Mukamlar köşgüniň foýesinde Geýder Aliýewiň durmuşyny hem-de durmuşa geçiren işlerini, şeýle hem Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň ähmiýetini açyp görkezýän fotosuratlaryň sergisi guraldy.

Konsert maksatnamasyna Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarow, Türkmenistanyň Ministler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Atdaýew, Aşgabatdaky diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, şeýle hem jemgyýetçilik hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy.

Konsert başlamazdan ozal, çykyş eden Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Gismet Gezalow azerbaýjan halkynyň umumymilli lideri Geýder Aliýewiň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmegine goşan goşandy barada gürrüň berdi.port toplumynyň meýdançasyna dünýä çempionatyna gatnaşyjy ýurtlaryň Döwlet baýdaklary getirildi. Olar meýdançada hatara düzüldi. Soňra çempionatyň resmi açylyş dabarasy badalga aldy.

Konsertiň dowamynda Azerbaýjanyň «Mugam» ansamblynyň hem-de Türkmenistanyň simfoniki orkestriniň bilelikde gatnaşmagynda Azerbaýjanyň halk aýdymlaryny hem-de kompozitorlaryň döreden tanymal eserleri ýerine ýetirildi.

Azerbaýjan halkynyň aýdym-sazlary konserte gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.