Täze ýyl mynasybetli medeniýet we sungat ussatlary Daşoguz welaýatynda baýramçylyk konserti bilen çykyş ederler


Täze ýyl mynasybetli medeniýet we sungat ussatlary Daşoguz welaýatynda baýramçylyk konserti bilen çykyş ederler



Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynda ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda Täze ýyl baýramy mynasybetli welaýatyň ýaşaýjylary we myhmanlary üçin baýramçylyk konserti geçiriler.

15-nji dekabrda geçiriljek baýramçylyk konsertinde Türkmenistanyň at gazanan artistleri Ahmet Atajanow, Çynar Jumaýewa, Jahan Tagyýewa, şeýle-de Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşigiň ýeňijisleri Söhbet Kasymow, Begenç Çaryýew dagy özleriniň ajaýyp aýdymlary bilen çykyş ederler.

Konsertler 14:00-da, 17:00-da geçiriler.

Habarlaşmak üçin 48-96-83, 60-15-67 telefon belgilerine jaň edip bilersiňiz.