«Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň Balkan welaýaty boýunça jemleýji tapgyry geçirildi


«Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň Balkan welaýaty boýunça jemleýji tapgyry geçirildi



Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda zehinli ýaş neslini terbiýeläp ýetişdirmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Ýaşlaryň abraýly festiwallara, döredijilik gözden geçirilişlere we dürli döredijilik bäsleşiklerine işjeň gatnaşmaklary üçin ähli şertler döredilýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, bagşy- sazandalaryň arasynda yglan edilen «Çalsana, bagşy!» atly bäsleşigi halkymyzyň gyzgyn goldawyna eýe boldy. Bäsleşigiň baş maksady türkmen halkynyň köpöwüşginli mirasyny, dutarda ýerine ýetirijilik we bagşyçylyk sungatyny geljekki nesillere ýetirmek, dünýä ýaýmak, şeýle hem zehinli bagşy-sazandalary ýüze çykarmak bolup durýar.

Ýakynda «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň Balkan welaýaty boýunça jemleýji tapgyry Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň Ak öýi» binasynyň sahnasynda geçirildi. Bäsleşige Balkan welaýatyndan deslapky tapgyrlarda ýeňiji bolan bagşy-sazandalar gatnaşyp, öz başarnyklaryny görkezdiler. Bäsleşige gatnaşyjylaryň ýerine ýetirmeklerinde halypalarymyzdan galan çuň mazmunly aýdymdyr sazlar belentden ýaňlandy. Şeýlelikde, ýaş bagşy-sazandalaryň içinden emin agzalarynyň gelen netijeleriniň esasynda aýratyn ýerine ýetirijiligi, ýokary ussatlyk bilen tapawutlanan sazandalaryň 2-si, ýagny Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy Daýançmyrat Hangeldiýew we Murgap etrabynyň Oguzhan şäherçesiniň medeniýet merkeziniň aýdymçysy Balkan welaýatynyň çagalar sungat mekdebiniň mugallymy Rejepgeldi Aşyrow şeýle-de bagşylaryň 2-si Balkan welaýatynyň çagalar sungat mekdebiniň mugallymy Nurberdi Gulow we Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyby Merdan Baýramgeldiýew «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Bu dabara tanymal bagşy-sazandalar, aýdymçylar, «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň geçen ýylky ýeňijileri, aýdym-saz söýüjiler, çykyş eden bagşy-sazandalaryň hossarlary we muşdaklary, şeýle-de medeniýet, sungat we döredijilik işgärleri agzybirlikde gatnaşdylar.

Ýurdumyzyň zehinli bagşy-sazandalaryň arasynda geçirilýän «Çalsana, bagşy!» bäsleşigi sungat äleminde täze zehinli bagşydyr sazandalaryň ýüze çykmagyna uly ýol açýar. Jemleýji tapgyryna gatnaşjak bagşy-sazandalara üstünlikleri arzuw edýäris!

Zehinli ýaşlaryň ýüze çykmagy üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Serdarymyza köp sag bolsun aýdýarys.