«Parahatlyk ýolumyz» tans festiwaly


«Parahatlyk ýolumyz» tans festiwaly



Türkmenistanyň Prezidentiniň medeniýeti we sungaty yzygiderli ösdürmek boýunça öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmek, tans sungatynyň milli mirasyny gorap saklamak, ýurdumyzda tans sungatyny ösdürmek we tans toparlarynyň işini kämilleşdirmek, zehinli tansçylaryň ýüze çykmagyna giň ýol açmak, tans sungatynyň milli äheňlerini wagyz etmek, tanslaryň many-mazmun hem çeperçilik taýdan ýokary derejede sahnalaşdyrylmagyny gazanmak, tansçylaryň hünär derejesini kämilleşdirmek, ýaşlarda tans sungatyna bolan söýgini ýokarlandyrmak, milli, döwrebap hem-de daşary ýurt tans sungatyna gyzyklanma döretmek, iň gowy tans toparlaryny, tans goýujylary, baletmeýsterleri, tansçylary höweslendirmek maksady bilen, şeýle-de 2020-nji ýylyň «Türkmenistan ― Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan edilmegi hem-de Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli şu ýylyň ýanwar aýynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan «Parahatlyk ýolumyz» atly tans festiwaly yglan edildi.
2020-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda baky Bitaraplygymyzyň 25- ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda Mukamlar köşgünde bu festiwalyň jemleýji konserti geçirildi. Konsertde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň Türkmenistanyň Döwlet tans topary, «Meňli» tans ansably, Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebiniň «Ak mermer» tans topary, Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň «Energohyzmat» birleşiginiň folklor-etnografiýa tans topary, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň «Näzli» döredijilik merkeziniň tans topary, Türkmenistanyň «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Nebitgazhyzmat» müdirliginiň Medeni-işewürlik merkeziniň «Galkynyş» tans topary, Aşgabat şäher häkimliginiň «Aşgabat» tans topary, «Türkmenhowaýollary» agentliginiň Jemagat-hojalyk kärhanasynyň «Laçyn» tans-folklor topary gatnaşdylar. Festiwala gatnaşýan toparlar şanly taryhymyzy hem-de baý ruhy däplerimizi çeper beýan edýän milli tans eserleri, durmuşy wakalary wasp edýän wakaly tanslar, halk däplerine hem-de döwrebap öwüşginlere beslenen daşary ýurtlaryň tanslary boýunça öz ussatlyklaryny görkezdiler. Festiwala gatnaşyjylara Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Hormat hatlary, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Festiwal ýaşlarda watanperwerlik, atalarymyzyň ruhlaryna ygrarlylyk, merdanalyk ýaly ajaýyp häsiýetleri ösdürýän çuň mazmunly, kämil derejeli döwrebap tanslary, folklor, aýdym-saz we çeper eserleri döretmekde netijeli işleri amala aşyrmaga galkyndyrýar. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň medeniýetini we sungatyny mundan beýläkde ösdürmek barada öňde goýýan wezipelerine jogap edip, tans sungatyny has-da kämilleşdirmekde, halkymyzyň ruhy durmuşyny baýlaşdyrmakda medeniýet we sungat işgärleri ýadawsyz zähmet çekýärler.