Türkmenistanyň Gahrymany Maýa Kulyýewanyň doglan gününiň 100 ýyllygy mynasybetli döredijilik konserti


Türkmenistanyň Gahrymany Maýa Kulyýewanyň doglan gününiň 100 ýyllygy mynasybetli döredijilik konserti



Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen medeniýetiniň, sungatynyň ösmegine uly goşant goşan meşhur sungat ussatlarymyzyň hatyrasy belent tutulýar, olaryň köp ýyllyk döredijilikli zähmetine uly hormat-sarpa goýulýar. Sungat ägirtleriň biri, Türkmenistanyň Gahrymany Maýa Kulyýewa hem ömrüni türkmen teatr sungatyna bagyşlan, ençeme şägirtleri ýetişdiren, özüniň halal zähmeti, döreden keşpleri bilen milli sungatymyzyň ösmegine uly goşant goşan meşhur sungat ussadymyzdyr.

Hormatly Prezidentimiz «Ile döwlet geler bolsa...» atly çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan kitabynda «Biziň ýurdumyzda milli medeniýetimiziň ösüşine saldamly goşant goşan adamlara uly hormat goýulýar. Mysal üçin, «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen ýokary derejeli ada bütin ömrüni sungata gulluk etmäge bagyş eden Türkmenistanyň halk artisti Maýa Kulyýewa mynasyp boldy. Onuň deňi-taýy bolmadyk zehini biziň watandaşlarymyzy döredijilikli zähmete ruhlandyrýar.» diýip, parasatlylyk bilen belläp geçýär. Türkmenistanyň Gahrymany Maýa Kulyýewa türkmen teatr, kino, opera sungatynda ençeme kämil keşpleri döretdi.Onuň ajaýyp sesi, artist-lik zehini, drama ukyby aýdymçy zenana uly meşhurlyk getirdi. Türkme-niň saýrak bilbili Maýa Kulyýewa 1943-nji ýylda «Türkmenistanyň at gazanan artisti», 1952-nji ýylda «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly atlara mynasyp boldy. Watan öňünde bitiren hyzmatlary, ussat-lygy, türkmen sungatynyň ösüşine goşan bahasyna ýetip bolmajak goşan-dy üçin, Maýa Kulyýewa 2009-njy ýylda «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen belent at dakyldy hem-de «Altyn Aý» altyn medaly gowşuryldy.

Maýa Kulyýewanyň döreden keşpleri, ýerine ýetiren aýdymlary indi ençeme ýyllar bäri watansöýüjiligiň, ynsanperwerligiň, gözelligiň aýdymyna öwrülip, halkyň kalbynda baky orun aldy. 2020-nji ýylyň 1-nji maýynda Türkmenistanyň Gahrymany Maýa Kulyýewanyň doglan gününe 100 ýyl dolýar. Şol mynasybetli Magtymguly adyndaky Türkmen milli sazly drama teatrynda döredijilik dabarasy geçirildi. Dabara medeniýet, sungat we döredijilik işgärleri, talyplar, Maýa Kulyýewanyň hossarlary gatnaşdylar. Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewanyň, Türkmenistanyň halk artistleri Atageldi Garýagdyýewiň, Jemal Saparowanyň, Myratgeldi Baýramberdiýewiň, Türkmenistanyň halk suratkeşi Saragt Babaýewiň çykyşlarynda Maýa Kulyýewanyň sungat çygrynda bitiren işleri hakda aýdyldy. Dabarada Türkmenistanyň halk artistleri Gülnar Nuryýewa, Atajan Berdiýew, Türkmenistanyň at gazanan artistleri Ismaýyl Jumaýew, Bibijemal Amanowa, Gözel Öwezowa, aýdymçylar Aman Amanow, Aýna Seýitgulyýewa, Leýli Ökdirowa, Arzygül Gylyjowa türkmen operalaryndan aýdymlary ýerine ýetirdiler. Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň hor topary hem çykyş etdiler. Maýa Kuliýewanyň gyzy Mahym Annaýewa şeýle dabarany geçirmäge ähli şertleri döredip berendigi üçin Hormatly Prezidentimize köp alkyşlary aýtdy. Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» ýylynda guralan dabara ýurdumyzda merhum döredijilik ussatlaryna goýulýan belent sarpanyň aýdyň subutnamasydyr. Döredijilik işgärlerine goýýan belent hormat-sarpasy üçin Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden alkyşlary aýdýarys! Hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli döwletli işleri hemişe rowaç bolsun!