Halkara zenanlar güni mynasybetli konsert geçirildi


Halkara zenanlar güni mynasybetli konsert geçirildi



Gahryman Arkadagymyzyň «Zenanlar – Watanymyzyň buýsanjydyr» diýen şygary ýurdumyzda zenanlara goýulýan çuňňur hormat-sarpanyň nyşanydyr. Hormatly Prezidentimiziň «Enä tagzym – mukaddeslige tagzym» atly ajaýyp kitaby bolsa türkmen halkynyň kalbynda enä bolan çäksiz buýsanç duýgusyny döredýär. Hormatly Arkadagymyzyň enelere goýýan hormaty, şahsy göreldesi bolsa ýaş nesillerimiziň zenanlara bolan sarpasyny has-da artdyryp, olaryň geljekde hem mähir bilen gurşalyp alynmagyna sebäp bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň hossarlyk aladalary bilen ýurdumyzda zenanlaryň hukugy kanun esasynda goralýar. Halkymyz geçmişde-de zenan maşgalalara aýratyn uly hormat goýup gelipdir. Türkmen zenanlaryny owadan we gymmatbahaly şaý-sepler bilen bezelendiklerine, olara ýüpek-parça geýdirilendigine, olaryň arzylanandygyna taryh aýdyň şaýat bolýar.
Eneler öz balasy üçin gorag galasy, saýa-penasy, perzendiniň bolsa diliniň senasy bolýar. Mähriban enelerimiziň, gelin-gyzlarymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy, ylym-bilim almagy, döredijilikli işlemegi, medeniýetli dynç almagy üçin ýurdumyzda ähli amatlyklar döredilýär. Kümüş saçly enelerimiz öýlerimiziň bezegi, perzentlerine görüm-görelde bolup, akyl-paýhasy, hereketi bilen görelde mekdebi bolup durlar. Ene nesihatlarynyň, ündewleriniň her biriniň düýbünde umman ýaly many, inçe we näzik duýgular, akyl, parasat we paýhas bar.
Ene-mamalarymyz türkmen maşgalasynda tutulýan toý-baýramlarynda maslahatçy bolup, gadymdan gelýän milli däp-dessurlarymyzy ýerine ýetirmekde we wagyz etmekde netijeli işleri alyp barýarlar. Ähli ugurlarda zähmet çekýän gelin-gyzlarymyz, zenanlarymyz ýurdumyzyň ykdysady ulgamynyň ösmegine hem önjeýli goşant goşýarlar. Zenanlarymyzyň gollaryndan döreýän ajaýyp türkmen halylary 2019-njy ýylda ÝUNESKО-nyň «Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna» girizildi.
Ynha ýurdumyzda uludan bellenilýän baýramlarymyzyň biri-de Halkara zenanlar günidir. Bu baýram mynasybetli 2021-nji ýylyň 7-nji martynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde medeniýet we sungat ussatlarymyzyň taýýarlan baýramçylyk konserti teleýazgy görnüşinde geçirildi. Ýurdumyzyň tanymal estrada aýdymçylarynyň we belli bagşylarynyň ýerine ýetiren belent owazly aýdymlary baýramçylyk gününi şatlyk-şowhuna besledi. Folklor-tans toparlarynyň täsirli tanslary we çagalar toparlarynyň çykyşlary konsertiň täsirliligini hasam artdyrdy.
Konsert ýurdumyzyň döredijilik tans toparlarynyň, teatr artistleriniň, «Güneş» çagalar horunyň we Türkmenistanyň Döwlet horunyň ýerine ýetiren «Ýürek mydam mähribanlyk küýseýär» atly edebi-sazly kompozisiýa bilen başlandy. Konsertiň dowamynda Türkmenistanyň halk artistleri Kakadurdy Täjimow, Akmuhammet Saparow, Annaguly Myratdurdyýew, Parahat Amandurdyýew, Suhanberdi Orazberdiýew, Atajan Berdiýew, Türkmenistanyň at gazanan artistleri Tirkeş Mätnazarow, Guwanç Ýazmämmedow, Nurýagdy Rejepow, tanymal aýdymçylar Begmyrat Annamyradow, Ahmet Atajanow, Rahman Hudaýberdiýew, Azat Dönmezow, seýitguly Tülegenow, Perhat Öräýew ýaly aýdymçylaryň, «Şowhun» çagalar tans toparynyň, «Dokmaçylar», «Meňli», «Näzli», «Laçyn», «Galkynyş», «Serpaý», «Aşgabat», «Miras», Türkmenistanyň Döwlet tans toparlarynyň çykyşlarynda esasan mähriban enelerimizdir ejelerimiz, gelin-gyzlarymyz hakdaky aýdymlary ýerine ýetirdiler. Konsert «Baýramyňyz gutly bolsun, eneler!» atly aýdym bilen tamamlandy. Konsertde çykyş edenler esasan ýigitlerimiz bolup, olar dünýäniň bezegi bolan eneler üçin ene hakda milli we nusgawy aýdymlary şeýle-de Arkadagly Watanymyzda ýetilýän belent sepgitleri, agzybir we jebis halkymyzy, asuda we parahat ýurdumyzy wasp edýän aýdymlary ýerine ýetirdiler.
2021-nji ýylyň 8-nji martynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Halkara zenanlar güni mynasybetli «Berkarar döwletiň bagtyýar zenanlary» atly aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Bu dabarada hem ýurdumyzyň meşhur aýdymçylary çykyş edip, zenanlarymyza bagyşlanan aýdymlary ýerine ýetirdiler.