DÖWLET TANS TOPARY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda medeniýet ulgamyny ösdürmegiň çäklerinde 2013-nji ýylda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkezi döredildi.
Şeýle-de Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň düzüminde Türkmenistanyň Döwlet tans toparyny bellenilen tertipde döretmek ýola goýuldy. Döwlet tans toparynyň ýolbaşçysy wezipesine döwletimiz tarapyndan daşary ýurda ugradylyp, tans sungaty boýunça ýokary bilim alan, öň ýeterlik tejribesi bar bolan, zehinli, ýaş hünärmen Hemra Astanakulow bellenildi.
Toparyň baletmeýsterleri Şamyrat Hojaýew oglanlaryň, Aýna Hakyýewa bolsa gyzlaryň taýýarlyk, türgenleşik işlerine ýolbaşçylyk etmek üçin bellenildi. Taýýarlyk, türgenleşik, repertuar saýlamak we olaryň üstünde işlemek meseleleri berk düzgün-tertipde yzygiderli alnyp barylýar. Netijeli işleriň dowamynda «Bagşy tansy», «Gyzlar tansy», «Joşgun» atly tans eserleriniň goýlandygy bellärliklidir.
Häzirki wagtda bu topara Didar Agaýew ýolbaşçylyk edip täze tans eserleriniň üstünde işlenilýär.