«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň Mary welaýaty boýunça jemleýji tapgyry geçirildi


«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň Mary welaýaty boýunça jemleýji tapgyry geçirildi



Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda zehinli ýaş nesli terbiýeläp ýetişdirmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Ýaşlaryň festiwallara, döredijilik gözden geçirilişlere we dürli döredijilik bäsleşiklerine işjeň gatnaşmaklary üçin ähli şertler döredilýär.

Däp bolşy ýaly, her ýyl Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň arasynda «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşigi uly şowhun bilen geçirilýär.

Ýakynda Mary welaýatynyň Mary şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňündäki meýdança «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň Mary welaýaty boýunça jemleýji tapgyry geçirildi. Telebäsleşige Mary welaýatyndan deslapky tapgyrlarda ýeňiji bolan aýdymçylar gatnaşyp, öz başarnyklaryny görkezdiler.

Olaryň çykyşlarynda döwletli-döwranly Watanymyz, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan il-ýurt bähbitli işleri belentden wasp edildi. Şeýlelikde, ýaş höwesjeň aýdymçylaryň içinden emin agzalarynyň gelen netijeleriniň esasynda aýratyn ýerine ýetirijiligi, ýokary ussatlyk bilen tapawutlanan aýdymçylaryň 2-si, ýagny Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň Oguzhan şäherçesiniň medeniýet merkeziniň aýdymçysy Nurýagdy Bekiýew hem-de Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabyndan çeper höwesjeň Tylla Çaryýewa «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy.

Bu dabara tanymal aýdymçylar, «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň geçen ýyllardaky ýeňijileri, aýdym-saz söýüjiler, çykyş eden aýdymçylaryň hossarlary we muşdaklary, şeýle-de medeniýet, sungat we döredijilik işgärleri agzybirlikde gatnaşdylar.

Ýurdumyzyň zehinli ýaş aýdymçylaryň arasynda geçirilýän «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşigi sungat äleminde täze aýdymçylaryň ýüze çykmagyna uly ýol açýar. Jemleýji tapgyryna gatnaşjak aýdymçylara üstünlikleri arzuw edýäris!

Zehinli höwesjeň ýaşlaryň ýüze çykmagy üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Serdarymyza köp sag bolsun aýdýarys.