Sungat söhbeti


Sungat söhbeti

2020-nji ýylyň 27-nji martynda Hormatly Prezidentimiz Daşoguz welaýatynda iş saparynda bolup, şol welaýatyň baş metjidinde öz ajaýyp eserleriniň galam hakynyň hasabyna sadaka berdi. Gahryman Arkadagymyz Lebap, Mary welaýatlarynyň baş metjitlerine hem baryp, il-günümiziň bagtyýarlygynyň, ata Watanymyzyň gülläp ösüşleriniň şanyna, öz ajaýyp eserleriniň galam hakynyň hasabyna sadaka beripdi.

Hormatly Prezidentimiziň, beren sadakalary, Allatagalanyň dergähinde kabul bolsun! Jöwher paýhasyndan dörän kitaplarynyň höwri köp bolsun!

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda dost-doganlyk gatnaşyklaryna aýratyn üns berilýär. Daşoguz welaýatyň çäginde doganlyk halklaryň wekilleriniň, hususanda, özbek doganlarymyzyň agzybirlikde ýaşaýandyklary we zähmet çekýändikleri munuň aýdyň mysalydyr. Gahryman Arkadagymyzyň beren sadakasyna özbek milletiniň wekilleri hem gatnaşyp, türkmenler hem özbekler bir dogan bolup, bir saçagyň başynda jem boldy.

Öz gezeginde özbek ýaşululary hormatly Prezidentimize welaýaty ösdürmek, tutuş Watanymyzyň, halkymyzyň rowaçlygy babatdaky ägirt uly tagallalary üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny bildirdiler, iň gowy arzuwlaryny aýtdylar. Agzybirlik, birek-birege hormat her bir halkyň parasadynyň özenini düzýär. Türkmen hem özbek halklary agzybirliginiň uly güýçdügine ata-baba parasaty bilen, uly durmuş tejribesi bilen akyl ýetirýärler. Gahryman Arkadagymyzyň ýöredýän, sebitiň we dünýäniň halklaryna nusgalyk syýasaty şu beýik ýol-ýörelgä esaslanýar.

Şol gün Türkmenistanyň Gahrymany Sadulla Rozmetow adyndaky geňeşlikde türkmen we özbek halkarynyň döredijilik adamlaryna duşuşyp, bir saçagyň başyna üýşüp, gürrüňdeş bolmak miýesser etdi. Ilki bilen döredijilik topary Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynyň Sadulla Rozmetow adyndaky geňeşligindäki Gülüstan oba medeniýet öýüne, soňra Sadulla Rozmetow adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýetiniň «Zähmete şöhrat» muzeýine baryp gördüler. Mälim bolşy ýaly, medeniýet öýleri – şäher we oba jemagatynyň aň-bilim ösüşiniň, dürli ýaşdaky nesillere hödürlenilýän medeni hyzmatyň aýnasy, çeper döredijiligiň we belent ahlak gymmatlyklarynyň dabaralanýan merkezidir.

Häzirki wagtda medeniýet öýlerinde hereket edýän el işleri, tans, aýdym-saz, halk saz gurallary, drama, halk döredijiligi, köpçülikde we ýekelikde aýdym aýtmak, çeper okaýyş ýaly gurnaklar ýöredilýär. Olaryň işine ýaşlar hem-de mekdep okuwçylary uly höwes bilen gatnaşýarlar. Munuň özi, ýaşlarda we çagalarda boş wagtlaryny peýdaly geçirmek, aýdym aýtmak, saz çalmak, tans etmek, nepis el işlerini döretmegiň inçe tilsimlerini öwrenmek, dürli keşpleri çeper janlandyrmagy başarmak ýaly asylly däplere eýermäge ýykgyn etdirmek bilen bilelikde kämil medeniýetli bolmagy, köpçülikde özüňi göreldeli alyp barmagy, ulyny sylamagy we şuňa meňzeş asylly ýörelgeleri terbiýeleýär. Folklor we drama gurnaklaryna uly ýaşly adamlaryň hem höwes bilen gatnaşýandygy aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.

Döredijilik topary medeniýet öýüne baranlarynda, ol ýerde aýdym-saz gurnagy hereket edýärdi. Myhmanlar çeper höwesjeňleriň ýerine ýetiren çykyşlaryny uly höwes bilen diňlediler. Bu ýerde türkmen we özbek aýdymlary ýerine ýetirildi. Aýdym-sazyň milliligi, umumylygy we aýratynlygy, taryhy we ösüşi hakynda gyzykly gürrüňler edildi. Muzeýde sergilenen gadymy oba-hojalyk gurallary, öý enjamlary, söweş ýaraglary, şekillendiriş eserleri we suratlar, obanyň görnükli wekilleri, taryhy gymmatly tapyndylar we resminamalar oňa tomaşa edenleri gyzyklandyrdy. Soňra döredijilik topary gadymdan gelýän myhman almagyň däpleri esasynda özbek maşgalasynda myhmançylykda bolup, döredijilik söhbeti edildi. Maşgala agzalary öz bereketli saçaklarynyň başynda, öz myhmanlarynyň öňünde bagtyýarlykdan söz açdylar. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen, bir ýerde iki millet – bir ykbal bolup birleşdi. Saçak başynda ýagşy sözler aýdyldy, türkmen hem özbek bagşylary aýdym aýtdylar, şahyrlar goşgy okadylar. Türkmen nusgawy şahyrlarynyň goşgularyny, türkmen dessanlaryndan goşgulary özbek bagşylary hem öz milli şahyrlarynyň eserleri ýaly görüp, belent hem şirin owazlaryna goşup, aýdym edip aýdýarlar.

«Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» ýylynda dost-doganlyk ýörelgeleriniň ýöredilmegi we gatnaşyklaryň berkemegi, döredijilik duşuşyklarynyň geçirilmegi we sungat söhbetleriniň alyşylmagy üçin ähli mümkinçilikler döredilýär.