«LAÇYNYŇ» OWAZY ASMANA GALÝAR


«LAÇYNYŇ» OWAZY ASMANA GALÝAR



«Laçyn» tans-saz folklor topary Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen medeniýetiniň we sungatynyň ösmegi üçin edýän taýsyz tagallalary netijesinde türkmeniň milli däp-dessurlaryny, medeni-mirasyny, aýdym-sazlaryny, folklor eserlerini, milli türkmen tanslaryny halka ýetirmek hem-de milli medeniýetimizi dünýä ýaýmak maksady bilen 2008-nji ýylda «Türkmenhowaýollary» döwlet milli gullugynyň «Türkmenistan » howa ulaglary kärhanasynyň garamagynda döredildi we oňa ilkinji bolup Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Maýsa Eminowa ýolbaşçylyk etdi.

Toparyň zähmete okgunlylygy netijesinde, olar medeniýet, sungat äleminde birnäçe üstünlikler gazanyp, tomaşaçylaryň söýgüsine mynasyp boldular. «Laçyn» topary döredilen gününden başlap, eziz Watanmyzyň ýeten derejelerini, ösüşlerini wasp edýän «Watan bize seýil-seýran, Arkadag!», «Ak şäherim Aşgabat», «Meňli gyzyň ýüzügi», «Arkadag göterdi sarpaň, Pyragy!» – «Arkadagyň bagt kerweni», «Ýaşa, eziz Arkadag!» hem-de halk hazynasynyň dürdäneleri bolan dessanlardan, lälelerden, hüwdülerden täze öwüşginli «Asuda asmanyň laçynlary», «Döwre gurap tans edeliň», «Görogly», «Habar ýetir illeriňe», «Toý bilezigi», «Kejebe», «Sen kalbymyň soltany», «Degirmençi», «Gelinler», «Balykçylar» ýaly eserleri döredip, ony dünýäniň Türkiýe, Koreýa, Täjigistan, Wengriýa, Awstriýa, Belarus ýaly ýurtlarynda döredijilik saparlarynda bolup, Türkmenistan Watanymyzyň ösüşlerini, sungatyň üsti bilen dünýä ýaýyp geldiler.

Hazirki wagtda «Laçyn» tans-saz folklor toparyna Baýram Işangulyýew yolbaşçylyk edýär. Toparyň «Maral geldi», «Ýar gara gözli», «Intizar oldum», «Durnalar», «Türkmen gawuny», «Türkmen toýy», «Bagtyýarlyk baýdagy», «Arkadagymyzyň dostluk ýollary», «Arkadag», «Arkadaga ömür diläliň», «Watan bar bizde», «Sungat bolup joşalyň», «Türkmenistan», «Türkmeniň», «Watan bize seýil-seýran, Arkadag!», «Ak şäherim Aşgabat», «Bibijan», «Meňli gyzyň ýüzügi», «Arkadag göterdi sarpaň, Pyragy!» – «Arkadagyň bagt kerweni», «Ýaşa, eziz Arkadag!», «Bibijan» ýaly folklor çykyşlary we Türkmenistan diýarymyzyň ösüşlerini wasp edýän aýdym-sazly tans eserleri toparyň iň arzyly we gymmatly, şowly çykan eserleridir.

«Laçyn» folklor tans topary döreden eserleri we çeken önjeýli zähmeti üçin Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijisi boldular we hormatly Prezidentimiziň şa serpaýlaryna birnäçe gezek mynasyp boldular.