Nury Halmämmedowyň doglan gününiň 85 ýyllygy mynasybetli konsert geçiriler


Nury Halmämmedowyň doglan gününiň 85 ýyllygy mynasybetli konsert geçiriler

Dirižýor Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary we myhmanlary üçin görnükli türkmen kompozitory Nury Halmämmedowyň doglan gününiň 85 ýyllygyna bagyşlanan «Sazdaky durmuş» atly konsert geçirýär.

Konsert 28-nji oktýabrda sagat 19:00-da Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde geçiriler.

Konserte gatnaşmak üçin petekleri +99312-22-38-98, +99363-46-71-77; +99364-03-74-56 telefon belgilerine jaň edip alyp bilersiňiz.