«Milli mirasymyza belent sarpa»


«Milli mirasymyza belent sarpa»



2020-nji ýylyň 12-nji noýabrynda Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Herrikgala Medeniýet öýüniň we Aşgabat şäher medeniýet müdürliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagtyýarlyk etrabynyň kitaphana şahamçasynyň bilelikde gurnamagynda «Milli mirasymyza belent sarpa» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli mirasymyzy giňden öwrenmäge hormatly Prezidentimiz tarapyndan ähli mümkinçilikler döredilýär. Ata-babalarymyzdan miras galan maddy we ruhy gymmatlyklarymyzy gorap saklamak, ýaş nesle ýetirmek esasy maksadymyz bolup durýar. Söhbetdeşlikde Herrikgala Medeniýet öýüniň hünärmenleri we Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagtyýarlyk etrabynyň kitaphana şahamçasynyň hünärmeni çykyş etdiler.
Dabarada Hormatly Prezidentimiziň Atalyk kitaplarynyň many-mazmuny, paýhasly setirleri barada ajaýyp gürrüňler edildi. Mundan başga-da Baky Bitaraplygymyzyň 25 ýyllyk toýy barada, Watanymyzyň ösüşi, özgerişi barada, saglyk barada we türkmeniň gadymy milli taryhy, milli mirasymyz barada çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda türkmeniň taryhy barada, gadymy milli mirasy, gelin gyzlarymyzyň şaý-sepleri, türkmeniň milli däp-dessurlary, türkmen gelin gyzlarynyň el işleri, türkmen halylary, türkmen milli nagyşlary barada, suratkeşleriň ajaýyp surat eserleri, türkmen milli saz gurallarymyz dutar we gyjak barada täsirli gürrüňler berdiler. Şeýle-de çykyş edenler Medeniýet öýündäki hereket edýän gurnaklar barada, ol gurnaklara çeper höwesjeň çagalaryň örän gyzyklanma bilen gatnaýandyklary, gurnaklarda çagalaryň türkmen milli gelin-gyzlarymyzyň el işlerini, türkmen milli, nusgawy tanslary, türkmen milli we häzirki zaman aýdym-sazlary örän gyzyklanma bilen öwrenýändiklerini gürrüň berdiler.
Çäräniň dowamynda dabara gatnaşanlar ähli türkmen halkyny Hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllyk toýy bilen tüýs ýürekden gutladylar we Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, tutýan tutumly işleriniň elmydama rowaç bolmagyny arzuw etdiler.