Aşgabatda Emir Raseniň baýramçylyk konserti geçirildi


Aşgabatda Emir Raseniň baýramçylyk konserti geçirildi



24-nji dekabrda paýtagtymyzdaky Gyşky oýunlar sport toplumynda asly türkmen bolan eýranly meşhur aýdymçy Emin Raseniň baýramçylyk konserti geçirildi.

Konsertiň dowamynda meşhur aýdymçy Emin Rasen sungat ýolunda özüne üstünlik getiren ajaýyp aýdymlary bilen çykyş edip, watandaşlarymyzyň uly şowhun bilen garşylaýan Täze ýyl baýramynyň şatlylygyny goşalandyrdy. Onuň çykyşlary konserte gelen tomaşaçylarda uly täsir galdyrdy.

Asly türkmen bolan meşhur aýdymçynyň konsertde milli eşikde çykyş etmegi türkmen halkynyň milli egin-eşigine goýýan hormatynyň nyşany boldy. Konsertiň baýramçylyk şowhuny gyzgyn el çarpyşmalar bilen utgaşyp gitdi.

Emin Rasen Türkmenistanda ilkinji gezek konsert berdi.