«SERPAÝYŇ» KÄMIL SUNGATY
Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň «Serpaý» folklor-etnografiýa studiýasy 1997-nji ýylyň 25-nji dekabrynda döredildi. Onuň çeper ýolbaşçy wezipesine Türkmenistanyň halk artisti Gülşirin Alyjanowa bellenildi.
«Serpaý» döredijilik topary Türkiýe, Italiýa, Polşa, Ispaniýa, ABŞ, Awstriýa döwletlerinde, Germaniýa Federatiw Respublikasynda, Özbegistanda, Russiýa Federasiýasynda, Saud Arabystany Patyşalygynda, Belarus Respublikasynda, Täjigistanda, Koreýa, Hytaý Halk Respublikalarynda birnäçe gezek döredijilik saparlarynda bolup, kämil türkmen sungatyny bütin dünýä ýüzüne ýaýdy.
Studiýada zähmet çeken aýdymçy-sazandalaryň birnäçesi häzirki wagtda hormatly atlara, döwlet sylaglaryna mynasyp bolup, ussatlyga ýetişdiler. Olardan Türkmenistanyň halk artistleri Kyýas Durdyýewiň, Mähri Annageldiýewanyň, Halbike Dowyýewanyň, Türkmenistanyň at gazanan artistleri Begmyrat Gylyjowyň, Ogulbibi Reýimowanyň we Läle Begnazarowanyň atlary bellärlikdir.
Toparyň döredijiligi milli aýdym-sazlara, tanslara diýseň baý bolup, onda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni, gülleýän, gül açýan Türkmenistan döwletimizi, äleme ady dolan Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzy, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň il-ýurt bähbitli alyp barýan beýik işlerini wasp edýän aýdymlaryň we milli halk aýdymlarymyzyň 100-e golaýy bar. Bu aýdymlaryň 50-ä golaýyna tans goýlan. Mysal üçin: «Bedew batly diýarym», «Palow tansy», «Bu seniň arzuwlan döwrüň, Pyragy!», «Bagtyýarlyk joşguny», «Gül ýüzüňe perwana men», «Ýigitler tansy», «Üme toýy», «Ak şäherim Aşgabat», «Dostluk tansy».
«Serpaý» folklor-etnografiýa topary Türkmenistanyň Prezidentiniň her ýyl yglan edýän «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşigine işjeň gatnaşyp, bu abraýly bäsleşigiň ýeňijileri bolup gelýärler.