GARAŞSYZLYGYŇ SAÝRAK BILBILLERI


GARAŞSYZLYGYŇ SAÝRAK BILBILLERI



6-njy sentýabrda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çägindäki Nowruz ýaýlasynda ýerleşýän «Türkmeniň ak öýi» binasynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşigiň çäklerinde zehinli çagalaryň arasynda geçirilýän «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» aýdym-saz bäsleşiginiň jemleýji tapgyry — konserti geçirildi. Her ýyl geçirilmesi däbe öwrülen bäsleşigiň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda geçirilen deslapky tapgyrynyň jemleýji konsertine bäsleşigiň ýurdumyzyň welaýatlarynda, şeýle-de Aşgabat we Arkadag şäher tapgyrlarynda ýeňiji bolmagy başaran ýaş zehinleriň 21-si gatnaşdy.

Bäsleşigiň dowamynda oňa gatnaşyjy körpe artistler bedew bady bilen täze belentliklere tarap okgunly öňe barýan eziz Watanymyzy, zähmetsöýer halkymyzy, türkmen topragynyň tebigatynyň gaýtalanmajak gözelligini ruhubelentlik bilen wasp etdiler. Ýaş ýerine ýetirijileriň aýdymlary we tanslary wideoşekiller bilen utgaşyp, sahnada körpe türkmenistanlylara bagtly çagalygy peşgeş beren ýurdumyzyň keşbini döretdi.

Däp bolşy ýaly, bäsleşik birnäçe tapgyrda geçirilip, zehinli çagalara ýüze çykarmaga we ösdürmäge, olary watançylyk, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gazanylan üstünliklere buýsanç ruhunda terbiýelemäge ýardam edýär.

Dabaranyň başynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşigine gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy. Döwlet Baştutanymyzyň Gutlagynda körpe artistleriň hoş owazly aýdymlarynyň Berkarar döwletiň täze eýýamyň Galkynyşy döwrüniň senasy bolup ýaňlanýandygy nygtalýar.

Konsertiň dowamynda ýaş zehinleriň her bir aýdymy şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy. Çykyşlar ýurdumyzyň çagalar tans toparlarynyň joşgunly ýerine ýetiren tanslary we kompozisiýalary bilen utgaşyp gitdi. Çykyşlarda zehinli çagalar eziz Watanymyza, özlerine bagtly çagalygy peşgeş beren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize çäksiz söýgini beýan etdiler. Olaryň çykyşlarynda ata-babalarymyzyň ajaýyp däp-dessurlaryna ygrarlylyk hem-de ýagty geljege bolan ynam öz beýanyny tapdy.

Mahlasy, her ýyl geçirilýän «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň nobatdaky tapgyry mähriban topragymyzyň zehinleriniň egsilmezdigini ýene-de bir gezek aýdyňlyk bilen görkezdi. Tomaşaçylaryň dowamyly el çarpyşmalary astynda çagalaryň aýdym-saz bäsleşiginiň ýeňijileriniň atlary yglan edildi. Bäsleşigiň eminler toparynyň gelen netijesine görä Aşgabat şäherindäki daşary ýurt dilleri çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen 7-nji orta mekdebiň 8-nji synp okuwçysy Döwletmyrat Maksadow, Arkadag şäherindäki 10-njy orta mekdebiň 6-njy synp okuwçysy Aýkäbe Allalyýewa, Ahal welaýatynyň Tejen etrabyndaky takyk ugurly derslere ýöriteleşdirilen 42-nji orta mekdebiň 7-nji synp okuwçysy Jumamuhammet Serdarow, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 13-nji orta mekdebiň 7-nji synp okuwçysy Kerem Hangeldiýew, Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabyndaky 17-nji orta mekdebiň 7-nji synp okuwçysy Ogulbahar Hojaberdiýewa, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki 20-nji orta mekdebiň 7-nji synp okuwçysy Umytjan Begendikow, Mary welaýatynyň Mary şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 23-nji orta mekdebiň 7-nji synp okuwçysy Selim Berdiýew «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» aýdym-saz bäsleşiginiň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyndanky jemleýji tapgyrynyň ýeňijileri bolmagy başardylar.

Bäsleşikde ýeňiji bolan çagalara türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň adyndan gymmatbahaly sowgatlar we diplomlar gowşuryldy. Bu sowgatlar bolsa olary döredijilik ýoluny dowam etdirmäge hem-de ýüreklerinde beslän arzuwlaryny amala aşyrmaga ruhlandyrmalydyr.

Dabaranyň ahyrynda «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» döredijilik bäsleşigine gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň adyna Ýüzlenme kabul etdiler. Onda ýaş nesil hakynda ýadawsyz aladasy, olaryň bagtyýar durmuşy babatda döredilýän şertlerdir mümkinçilikler üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler we geljekde hem gowy bahalar bilen okamak, döredijilik bilen meşgullanmak, eziz Watanymyzy wasp etmek hakynda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň nesihatlaryna eýerjekdiklerine ynandyrdylar.