«Türkmen Binasy» atly Suhan Tüýliýewiň eserlerinden düzülen konsert


«Türkmen Binasy» atly Suhan Tüýliýewiň eserlerinden düzülen konsert

Ýakynda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy we Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatry bilen bilelikde gurnamagynda «Türkmen Binasy» atly şahyrana konserdi geçirildi. Bu konsert Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, Ýaşlar baýragynyň eýesi, tanymal kompozitor Suhan Tüýliýewiň eserlerinden düzülen simfoniki orkestriniň ýerine ýetirmeginde geçirildi. Konserde konserwatoriýasynyň hor topary, simfoniki orkestri hem-de Türkmenistanyň halk artisti Atageldi Garýagdyýew, Röwşen Baýramow, Begdurdy Çerkezow, Wepa Ödäýew dagylar özleriniň ajaýyp çykyşlary bilen dabara şowhun paýladylar.

Konsert Türkmen milli konserwatoriýasynyň simfoniki orkestriniň ýerine ýetirmeginde kompozitoryň «Pendi nagmalary» atly eseri bilen açyldy. Dabarada Türkmenistanyň halk artisti Atageldi Garýagdyýewiň aýtmagynda Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň goşgularyna düzülen «Ili gözlär», «Neýleý, indi biçäreýem», «Ýeldim tut» aýdymlary, simfoniki orkestriniň ýerine ýetirmeginde «Pendi nagmalary» üç bölümi, «Uzuklar» sazly rowaýatyndan «Näzigiň lälesi», wiolonçel hem orkestr üçin «Gözelim» atly eserler ussatlyk bilen ýerine ýetirildi. Konsert tomaşaçylaryň yzygiderli el çarpyşmalary bilen dowam etdi. Dabaranyň jemleýji eseri solistler Röwşen Baýramowyň, Begdurdy Çerkezowyň hem-de konserwatoriýanyň hor toparynyň ýerine ýetirmeginde Suhan Tüýliýewiň akyldar şahyr Magymgulynyň goşgusyna döreden «Türkmen binasy» aýdymy ýaňlandy.

Dabaranyň dowamynda türkmen kompozitorçylyk mekdebiniň wekilleriniň biri bolan Suhan Tüýliýew şeýle ajaýyp teatrlarda eserleriniň ýokary derejede ýerine ýetirilmegi üçin döredilip berilýän ähli mümkinçilikleri üçin Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň adyna özüniň çäksiz minnetdarlygyny bildirdi.



Ogulnur SULTANOWA