Zemin görki – Zenan!


Zemin görki – Zenan!



Ýurdumyzda uludan bellenilýän baýramlarymyzyň biri-de Halkara zenanlar günidir. Bu baýram mynasybetli 2020-nji ýylyň mart aýynyň 6-na «Watan» kinokonsert merkezinde Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň hem-de Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyplaryndan düzülen döredijilik toparlarynyň, aýdymçy ýigitleriň şowhunly konserti geçirildi. Konsertde Rahman Täçmuhammedow, Begler Nurberdiýew, Aýdyňmuhammet Ahmedow dagylar gelin-gyzlarymyzy, enelerimizi wasp edýän aýdymlary ýerine ýetirip tomaşaçylarda uly täsir galdyrdylar. Ýaş aýdymçylaryň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan şirin owazlar, bahar baslynyň iň naýbaşy baýramlarynyň biri bolan bu Halkara baýramda, aýdymçy ýigitlerimiziň türkmen zenanlara, ene-mamalarymyza eden sowgatlary boldy.