Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli dabara


Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli dabara



2020-nji ýylyň 18-nji maýynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli paýtagtymyzdaky «Aşgabat» aýdym-saz merkezinde (amfiteatr) baýramçylyk konserti geçirildi. Konserte dürli kärlerde işleýän adamlar, talyplar, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary we myhmanlary tomaşa etdiler. Konsert Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň hor toparynyň hem-de ýurdumyzyň birleşen folklor tans toparlarynyň ýerine ýetirmeginde «Arkadagyň ak ýolunda, baky parla ýaşyl tugum!» atly edebi aýdym-sazly kompozisiýa bilen başlandy. Konsertiň dowamynda Garaşsyz Watanymyzy, halkymyzy, belentde pasyrdaýan ýaşyl baýdagymyzy hem-de milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň il-ýurt bähbitli alyp barýan işlerini wasp edýän aýdym-sazlar bilen birlikde söýgi aýdymlar ýerine ýetirildi. Konsertde ýurdumyzyň meşhur aýdymçylary A.Myratdurdyýew, S.Hojakowa, A.Hanow, P.Amandurdyýew, G.Gurdowa, G.Öwezowa, G.Ýazmämmedow, J.Tagyýewa, Z.Kakaýewa, A.Atajanow, A.Jepbarow, S.Kasymow, Ş.Saparow, I.Annamämmedow, B.Annamyradow, N.Rejepow, M.Pirgulyýewa, A.Dönmezow, M.Rejepow, D.Durdyýew ýaly aýdymçylaryň şowhunly aýdymlary ýerine ýetirildi. «Meňli», «Näzli», «Laçyn», «Galkynyş», «Aşgabat», «Serpaý», Döwlet tans toparlary ýerine ýetirilen aýdym-sazlaryň bezegine öwrüldi. Konserte gatnaşyjylaryň jemleýji «Goý, baky parlasyn Watan baýdagy!» atly aýdymy uly şowhun-şatlyga beslendi.
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli baýramçylyk şowhuny ýurdumyzyň welaýatlarynda ir säherden başlandy. Welaýat merkezlerindäki Baş baýdak meýdançalarynda aýdymçylaryň, bagşy-sazandalaryň belent sesi baýramçylyk ruhuny döretdi. Ýaşyl tugumyzy, ajaýyp zamanamyzy, Hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli alyp barýan tutumly işleri belentden wasp edildi.
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde ýaşyl tugumyz mydama belentde buýsançly parlasyn.