«Ýaňlan, Diýarym-2022» telebäsleşigi
Halkyň Arkadagly zamanasy ýylynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda bagtyýar halkymyzyň toýlary toýlara ulaşýar. Şu günler Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk şanly baýramçylygy mynasybetli ýurdumyzda medeni-köpçülik çäreleri giňden ýaýbaňlandyrylýar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde geçirilýän höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşigi hem, il içinden täze zehinli aýdymçy ýaşlary ýüze çykarmakda, ýaşlaryň kalbynda türkmen sungatyna, medeniýetine söýgi döretmekde möhüm ähmiýete eýedir.
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşigi üç tapgyrda-etrap, şäher tapgyry, welaýat tapgyry we jemleýji tapgyry görnüşinde geçirilýär.
Şu ýylyň maý aýynda ýurdumyzyň etraplarynda we şäherlerinde «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň 1-nji tapgyry geçirildi.
Bu bäsleşige Aşgabat şäheri boýunça jemi 34 aýdymçy ýaşlar gatnaşdylar, Ahal welaýaty boýunça jemi 107 aýdymçy ýaşlar gatnaşdylar. Balkan welaýaty boýunça jemi 100 aýdymçy ýaşlar gatnaşdylar. Daşoguz welaýaty boýunça jemi 111 aýdymçy ýaşlar gatnaşdylar. Lebap welaýaty boýunça jemi 224 aýdymçy ýaşlar gatnaşdylar. Mary welaýaty boýunça jemi 132 aýdymçy ýaşlar gatnaşdylar. Jemi welaýatlar boýunça etrap, şäher tapgyryna 708 aýdymçy ýaşlar gatnaşdylar.
“Ýaňlan Diýarim-2022” telebäsleşiginiň welaýatlar we Aşgabat şäher tapgyrlaryna: Aşgabat şäher tapgyry 2022-njy ýylyň 4-nji iýunynda “Aşgabat” binasynyň öňünde geçirildi. Bu bäsleşige 10 sany aýdymçy gatnaşyp, iki aýdymçy döwlet derejesinde geçiriljek tapgyra saýlanylyp alyndy; - Guldurdyýew Hezretguly – Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby. - Nurberdiýewa Gözel – Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby.
Ahal welaýat tapgyry 2022-njy ýylyň 11-nji iýunynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Änew şäherinde Medeniýet öýi binasynyň öňünde geçirildi. Bu bäsleşige 10 sany aýdymçy gatnaşyp, iki aýdymçy döwlet derejesinde geçiriljek tapgyra saýlanylyp alyndy; - Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň Çeper halyçylyk kärhanasynyň dokmaçysy Ýagşygül Gurbanannaýewna Muhammedowany, - Ahal welaýat Ak bugdaý etrabynyň ýöriteleşdirilen 8-nji orta mekdebiniň iňlis dili mugallymy Batyr Amanmuhammedowiç Şalarowy.
Balkan welaýat tapgyry 2022-nji ýylyň 2-nji iýunynda Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňünde geçirildi. Bu bäsleşige 10 sany aýdymçy gatnaşyp, iki aýdymçy döwlet derejesinde geçiriljek tapgyra saýlanylyp alyndy; - «Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň Balkanabat nebit önümleri kärhanasynyň mehaniki abatlaýyş sehiniň başlygy Durdy Annamämmedowiç Annaýewi; - «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň ýanyndaky Türkmenistanda gämi gatnawyna döwlet gözegçilik administrasiýasynyň deňiz port kapitany gullugynyň Türkmenbaşy port gözegçilik inspektory Ýakup Agadurdyýewiç Öwezowy;
Daşoguz welaýat tapgyry 2022-njy ýylyň 9-njy iýulynda Daşoguz şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňünde geçirildi. Bu bäsleşige 10 sany aýdymçy gatnaşyp, iki aýdymçy döwlet derejesinde geçiriljek tapgyra saýlanylyp alyndy; - Türkmen döwlet Ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Batyr Bäşim ogly Agaýewi; - Daşoguz welaýatynyň Ruhubelent etrabynyň medeniýet merkeziniň çeper höwesjeňi Ogulsuraý Şamyradowna Ataýewany;
Lebap welaýat tapgyry 2022-nji ýylyň 16-njy iýulynda Türkmenabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňünde geçirildi. Bu bäsleşige 10 sany aýdymçy gatnaşyp, iki aýdymçy döwlet derejesinde geçiriljek tapgyra saýlanylyp alyndy; - Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň medeniýet merkeziniň tans goýujysy Izzat Omarkulyýewiç Altyýewi; - Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň Akgala geňeşligindäki Akgala oba medeniýet öýüniň tans goýujysy Bäşim Meretguly ogly Annaýewi;
Mary welaýat tapgyry 2022-nji ýylyň 23-nji iýulynda Mary şäherindäki “Türkmeniň ak öýi” binasynyň öňündäki meýdançada geçirildi, Bu bäsleşige 10 sany aýdymçy gatnaşyp, iki aýdymçy döwlet derejesinde geçiriljek tapgyra saýlanylyp alyndy; - Akadowa Aýmährem Serdargeldiýewna – Marynyň Ý.Hummaýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň talyby - Jumaýew Toýly Rehmedowiç –Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň talyby
Deslapky 2-nji tapgyrda ýeňiji bolan aýdymçylar 2022-nji ýylyň 27-nji awgustynda döwlet derejesinde geçirilýän jemleýji tapgyra gatnaşmaga hukuk gazandylar.
Türkmenistanyň Döwlet Medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň “Altyn asyr” sazandalar toparynyň gatnaşmagynda «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşigi ýokary derejede Aşgabat aýdym saz merkezinde geçirildi.
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby Gözel Akmyradowna Nurberdiýewany;
«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Bäherden çeper halyçylyk kärhanasynyň Kelete ülüşiniň öýdeçi halyçysy Ýagşygül Gurbanannaýewna Muhammedowany;
«Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň Balkanabat nebit önümleri kärhanasynyň mehaniki abatlaýyş sehiniň başlygy Durdy Annamämmedowiç Annaýewi;
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyby Batyr Bäşim ogly Agaýewi;
Lebap welaýat medeniýet müdirliginiň Halaç etrap medeniýet bölüminiň Akgala geňeşligindäki Akgala oba medeniýet öýüniň tans goýujysy Bäşim Meretguly ogly Annaýewi;
Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň talyby Toýly Rahmedowiç Jumaýewi «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň ýeňijileri diýip yglan edildi we her bir ýeňijini Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry bilen sylaglanyldy.