Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllygy mynasybetli dabara


Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllygy mynasybetli dabara



2020-nji ýylyň 27-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllygy mynasybetli paýtagtymyzdaky «Aşgabat» aýdym-saz merkezinde baýramçylyk konserti geçirildi. Konserte medeniýet, sungat we döredijilik işgärleri, talyplar, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary we myhmanlary tomaşa etdiler.
Konsert Türkmenistanyň halk artistleri A.Hanow, S.Orazberdiýew, Türkmenistanyň at gazanan artistleri G.Öwezowa, J.Tagyýewa, ýurdumyzyň teatr artistleri we döredijilik toparlary hem-de Türkmenistanyň Döwlet horunyň ýerine ýetirmeginde «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly edebi aýdym-sazly kompozisiýa bilen başlandy. Konsertiň dowamynda Garaşsyz Watanymyzy, agzybir halkymyzy, belentde pasyrdaýan ýaşyl baýdagymyzyň astyndaky ajaýyp döwrümizi hem-de milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň il-ýurt bähbitli alyp barýan işlerini wasp edýän aýdym-sazlar bilen birlikde söýgi we nusgawy aýdymlar ýerine ýetirildi. Konsertde ýurdumyzyň meşhur aýdymçylary A.Garýagdyýew, A.Myratdurdyýew, A.Saparow, Ş.Saparow, S.Hojakowa, P.Amandurdyýew, G.Gurdowa, G.Ýazmämmedow, A.Berdiýew, Z.Kakaýewa, A.Atajanow, A.Seýitgulyýewa, N.Rejepow, M.Pirgulyýewa, G.Annahanowa, M.Pirmedowa, E.Ahmedow, L.Ökdirowa, G.Gulmyradowa ýaly aýdymçylaryň şowhunly aýdymlary bilen dowam etdi. «Güneş» hory hem-de «Şowhun» we «Şatlyk» çagalar tans toparlary, «Meňli», «Näzli», «Laçyn», «Galkynyş», «Aşgabat», «Serpaý», «Miras», Döwlet tans toparlary ýerine ýetirilen aýdym-sazlaryň bezegine öwrüldi. Konserte gatnaşyjylaryň jemleýji «Garaşsyz Watanyň şany Arkadag!» atly aýdymy uly şowhun-şatlyga beslendi.

Halkyň arasynda meşhurlyga eýe bolan estrada aýdymçylaryň baýramçylyk konserti oňa gelen adamlaryň ruhuny göterdi. Asuda asmany müň dürli öwüşgine beslän baýramçylyk feýerwergi bolsa parahat durmuşymyzy alamatlandyryp, halkymyzy belent zähmet ýeňişlerine atardy.
Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli baýramçylyk şowhuny ýurdumyzyň welaýatlarynda ir säherden başlandy. Welaýat merkezlerindäki baýramçylyk meýdançalarynda aýdymçylaryň, bagşy-sazandalaryň belent sesi baýramçylyk ruhuny döretdi. Çykyşlarda Garaşsyz Watanymyz, ajaýyp zamanamyz, Hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli alyp barýan tutumly işleri belentden wasp edildi.