Aşgabatda Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň, fransuz we german sazandalarynyň bilelikdäki konsertleri geçiriler


Aşgabatda Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň, fransuz we german sazandalarynyň bilelikdäki konsertleri geçiriler

Şu ýylyň 10-11-nji noýabrynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň, fransuz we german sazandalarynyň bilelikdäki konsertleri geçiriler.

Konsertleriň dowamynda sahnada nemes, fransuz we türkmen aýdym-saz eserleri ýerine ýetiriler. Şeýle-de germaniýaly aýdymçy Neýma Fişer dirižýor Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri bilen bilelikde çykyş eder.

Konsertiň dowamynda fransuz kompozitory Pýer Tilua tarapyndan döredilen täze eserleriň ilkinji gezek türkmen sahnasynda ýaňlanar. Ol Türkmenistan barada saz döretmek üçin ýurdumyzda birnäçe günläp saparda boldy.

Belläp geçsek, Pýer Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri bilen bilelikde işläp, konserte ýokary derejede taýýarlyk gördi.

Konsertler sagat 19:00-da başlanar. Giriş peteklerini satyn almak üçin şu görýän +99312-22-38-98; +99363-46-71-77; +99364-03-74-56 telefon belgileriňize jaň edip bilersiňiz.