Medeniýet hepdeligi — 2020: ikinji gün
23-nji iýunda Daşoguz welaýatynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabatlanyp geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň maksatnamasynyň çäklerinde döredijilik çäresine gatnaşyjylaryň täsin binagärlik we arheologik ýadygärliklere baryp görmegi göz öňünde tutuldy. Şolaryň ençemesi ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça olary goramak, öwrenmek we dikeltmek boýunça geçirilýän çäreleriň netijesinde, bu taryhy we medeni ýadygärlikler bu gün, diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem, Watanymyzyň çäkleriniň daşynda hem giňden meşhurdyr. Şolaryň hatarynda Tekeşiň we Il Arslanyň, Törebeg hanymyň, Nejmeddin Kubranyň, Soltan Alynyň, Pirýar Weliniň kümmetleri, Gutlug Temiriň minarasy, gadymy Zamahşar şäher galasy we beýlekiler bar. Bu ýerde gadymy Daşoguz topragynda bütin dünýäde meşhur bolan alymlar we akyldarlar Nejmeddin Kubra, Aşyk Aýdyň pir, Zamahşary, Mahmyt Pälwan, Nurmuhammet Andalyp, Şabende, Ibn Sina, Al Horezmi, Biruni we beýlekiler dünýäniň bilimler genji-hazynasyna saldamly goşandyny goşupdyrlar. Olaryň açyşlary we döreden eserleri häzirki döwürde hem uly gyzyklanma döredýär.
2016-njy ýylda Daşoguz welaýatynyň Ysmamyt ata binagärlik toplumynda rejeleýiş we dikeldiş işleri tamamlandy. XI asyrda esaslandyrylan bu toplum diňe bir Türkmenistanyň orta asyr taryhynyň däl, eýsem, tutuş Merkezi Aziýanyň iň iri dini we binagärlik ýadygärlikleriniň biri bolup durýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça taryh ylmyny mundan beýläk-de ösdürmek we medeniýet ulgamynda hem-de geçmişiň ýadygärliklerini goramak babatda milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça görlen çärelere, şol sanda Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Türkmenistanyň çägindäki taryhy-medeni ýadygärliklerde 2018 — 2021-nji ýyllarda gazuw-agtaryş işlerini geçirmegiň we medeni mirasy ylmy esasda öwrenmegiň hem-de wagyz etmegiň döwlet maksatnamasyna laýyklykda, türkmen hünärmenleri tarapyndan arheologik barlaglar we arhiw gözleg işleri yzygiderli geçirilýär.
Şeýle giň gerimli işleriň netijesinde, golaýda gadymy Köneürgenç şäheriniň çäginde, «Kerwensaraý» ýadygärliginiň golaýynda XIV asyryň ahyryna degişli diwarlaryň uly göwrümli bölekleri ýüze çykaryldy.
Tanyşlyk gezelenjiniň çäklerinde medeni foruma gatnaşyjylar häzirki Görogly etrabynyň çäginde ýerleşýän gadymy Zamahşar şäherine — XI-XII asyrlaryň ajaýyp türkmen alymy — ensiklopediýaçysy, filosofy, dini öwreniji Mahmyt Zamahşarynyň watanyna baryp gördüler. Onuň eserleri we ylmy işleri dünýä ylmynyň ösmegine saldamly goşant goşdy, kümmeti bolsa diňe türkmenistanlylaryň däl, eýsem, köp sanly daşary ýurtly myhmanlaryň hem zyýarat edýän ýerine öwrüldi diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belleýär.
Hünärmenler Zamahşar şäher-galasynyň biziň günlerimize çenli saklanyp galan galyndylarynyň orta asyr türkmen binagärliginiň ajaýyp nusgasyny özünde jemleýändigini hem-de onuň köpugurlylygyny we täsinligini görkezýändigini belleýärler. Kuwwatly gala diwarlary we goranyş desgalary, toýun diňleriniň bölekleri orta asyrlarda ýaşap geçen arap we pars awtorlarynyň Zamahşar şäheriniň Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky möhüm söwda we ylym merkezi bolandygy baradaky ýazuw subutnamalaryny tassyklaýar.
Şeýle hem «Ýaşlar» kölüniň kenaryndaky meýdançada «Bitaraplygyň mekanynda — bagtyýar çagalyk» atly köpöwüşginli çagalar baýramçylygy geçirildi. Şabat derýasynyň ugrunda — şäheriň ýaşaýjylarynyň iň gelim-gidimli dynç alyş zolaklarynyň birinde, ýedi ýarym gektara golaý meýdanda konsert sahnasy, saýaly seýilbaglar, heýkel kompozisiýalary ýerleşýär.
Bu ýerde şäher we etrap çagalar çeperçilik mekdeplerine gatnaýan çagalaryň suratlarynyň hem-de el işleriniň mowzuklaýyn sergisi guraldy. Myhmanlary ýaş ýerine ýetirijiler hem-de aýdym-saz toparlary özleriniň köpöwüşginli çykyşlary bilen begendirdiler.
Daşoguz welaýatynyň sungat mekdeplerine wekilçilik edýän çagalar döredijilik toparlaryna gatnaşyjylar öz çykyşlarynda eziz Watanymyzy, ülkäniň täsin tebigatyny, şöhratly taryhymyzy, milli däp-dessurlarymyzy, bagtyýar çagalygy wasp etdiler. Tomaşaçylar ýaş artistleriň çykyşlaryny şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar.
Medeni forumyň çäreleri soňra ilkinji gezek S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň «Altyn ýol» geňeşliginiň döwrebap oba medeniýet öýünde dowam etdi. Bu medeniýet öýi şol ulgamyň beýleki köp sanly edaralary bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sebitleri özgertmek baradaky Milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde guruldy.
Soňra bu ýerde milli medeni syýasaty durmuşa geçirmek babatda kino sungatyny mundan beýläk-de ösdürmegiň meselelerine bagyşlanan duşuşyk geçirildi. Türkmen kino sungatynyň şöhratly taryhy bar. Kinematografiýaçylaryň häzirki nesli bu sungatyň iň gowy däplerini ösdürip, halkymyzyň ruhy taýdan ösmegi, ýaşlary watançylyk we ýokary ahlaklylyk ruhunda terbiýelemek üçin onuň uly mümkinçiliklerinden doly peýdalanmaga çalyşýar. Täze çeper-dokumental we animasion filmleri döretmek üçin döwletimiz tarapyndan ähli zerur şertler üpjün edilýär.
Dabaranyň dowamynda Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň kinematografiýaçylary tarapyndan döredilen «Beýik Ýüpek ýoly» atly taryhy filmiň ilkinji görkezilişi hem boldy. Bu film milli Liderimiziň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly eseriniň esasynda döredildi.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow öz eserinde bu gadymy kerwen ýoluny Gündogaryň we Günbataryň arasynda baglanyşdyryjy merkeze öwrülen täsin taryhy-medeni ýagdaý hökmünde häsiýetlendirýär. Beýik Ýüpek ýolunyň ýüreginde ýerleşen Türkmenistan bu meşhur transaziýa ýolunyň merkezi bölegi bolmak bilen halklaryň dostlugynyň we hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine bahasyna ýetip bolmajak uly goşant goşdy.
Täze film kitabyň çuňňur many-mazmunyny beýan edip, türkmen halkynyň özüniň ahlak sütünlerine, däp-dessurlaryna aýawly garaýşy, Watanymyza çäksiz söýgüsi, gaýduwsyzlygy, parasatlylygy we asyllylygy barada gürrüň berýär.
Dabaralar agşam Daşoguz şäheriniň merkezi böleginde ýerleşýän Magtymguly meýdançasynda dowam etdi. Bu ýerde, beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň öňünde «Belent waspyň dilde dessan, Arkadagly Türkmenistan» atly edebi çäre geçirildi. Şygryýet eserlerinde eziz Watanymyza we onuň gözelliklerine çäksiz söýgi, müdimi ahlak gymmatlyklary we milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ata Watanymyzyň okgunly ösüşi baradaky mowzuklar öz beýanyny tapdy.
Medeniýet hepdeliginiň ikinji gününiň maksatnamasy ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň konserti bilen tamamlandy. Onda halk we häzirki zaman aýdym-sazlary ýaňlandy, joşgunly tanslar ýerine ýetirildi.