Aşgabatda fransiýaly dirižýor Dewid Herponyň konsert agşamy geçiriler


Aşgabatda fransiýaly dirižýor Dewid Herponyň konsert agşamy geçiriler

Şu ýylyň 4-nji noýabrynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde fransiýaly tanymal dirižýor Dewid Herponyň çeper ýolbaşçylyk etmeginde konsert agşamy geçiriler.

Konsertde Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri fransuz we türkmen kompozitorlarynyň sazlaryny ýerine ýetirer.

Konserte gatnaşmak üçin petekleri +99312-22-38-98, +99363-46-71-77, +99364-03-74-56 telefon belgilerine jaň edip, satyn alyp bilersiňiz.

Konsert sagat 19:00-da başlar.