Aşgabatda Daňatar Hydyrowyň eserlerinden düzülen konsert geçiriler


Aşgabatda Daňatar Hydyrowyň eserlerinden düzülen konsert geçiriler



Şu ýylyň 2-nji dekabrynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 28 ýyllygy hem-de Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Türkmenistanyň halk artisti Daňatar Hydyrowyň eserlerinden düzülen konsert geçiriler.

Konsert Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda geçiriler. Konsertde konserwatoriýanyň kamera orkestri, hor topary, halk saz gurallary ansambly, üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallar kwinteti, fortepiano eserleri we kompozitoryň aýdymlary ýerine ýetirerler.

Konsertiň dowamynda Türkmenistanyň halk artisti Atageldi Garýagdyýew, Bagenç Gaýipow we talyp ýaşlar birnäçe aýdymlar bilen çykyş ederler.

Konsert Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly zalynda geçiriler. Konsert 18:00-da başlanar.