Aşgabatda Burak Bulut bilen Kurtuluş Kuşuň konserti geçirildi


Aşgabatda Burak Bulut bilen Kurtuluş Kuşuň konserti geçirildi



25-nji dekabrda paýtagtymyzdaky Gyşky oýunlar sport toplumynda daşary ýurtly sungat ussatlarynyň Täze ýylyň öňüsyrasynda geçirilýän baýramçylyk şüweleňi örän gysga wagtda on millionlarça ynsanlaryň söýüp diňleýän estrada ýyldyzlaryna öwrülen türkiýeli aýdymçylar Burak Buludyň we Kurtuluş Kuşuň konserti bilen dowam etdi.

Diňe bir Türkiýede däl, eýsem, bütin dünýäde, ildeşlerimiziň arasynda hem meşhurlyk gazanan ýaş aýdymçylar Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň tamamlanyp barýan günlerinde türkmenistanly muşdaklaryny ynsan ömrüniň juwanlyk ýyllarynyň duýgy-düşünjelerini beýan edýän aýdymlary bilen begendirdiler.

Tanyşlyk açyp, sungatdaky döredijilik ýollaryny birikdirenlerine köp wagt geçmedik bolsa-da, 27 ýaşly Burak Buludyň we 26 ýaşly Kurtuluş Kuşuň bilelikdäki köpöwüşginli aýdymlary meşhurlyga eýe boldy. Olaryň durmuş, söýgi temasyndaky özboluşly duýgy-düşünjelere gaplanan bu aýdymlary ýaşlar bilen bir hatarda uly ýaşlylaryň-da ünsüni özüne çekýär.

Biri-birine sepleşýän duet görnüşindäki aýdymlar tomaşaçylary haýrana goýýar. Buragyň agraslygy, Kurtuluşyň hyjuwlylygy biri-biriniň üstüni ýetirip, gaýtalanmajak ajaýyp sazlaşygy döredýär. Janly sesde ýerine ýetirijiligiň diňleýjileriň köňül taryndan gopmagy, «Manolýa», «Leýli we Mejnun», «Bu söýgini terk eden kim?», «Söýmedim diýme», «Hemme bildi», «Sebäpsiz gidenlere» ýaly şekilli aýdymlaryň ilkinji görkezilişine sosial media platformalarynda bir minutda 3,5 million gezek tomaşa edilmegi netijesinde uly meşhurlyga eýe bolan ýigitler Täze ýylyň bosagasynda türkmenistanly muşdaklaryna iň täze hem joşgunly aýdymlardan taýýarlan çemenini sowgat etdiler. Amala aşmadyk arzuwlardan ahmyr çekmezligi ündeýän goşa ýyldyz öz aýdymlary bilen durmuşda her bir adamyň bagtly bolup biljek taraplarynyň «perdesini syrýarlar».

Muşdaklaryň çäksiz söýgüsine mynasyp bolan bu aýdymçylar duýgudan püre-pür, ýüregiňi heýjana getiriji çykyşlary bilen ildeşlerimize aýratyn ruhy lezzet paýladylar.