«Ýaňlan, Diýarym!» täze zehinleri ýüze çykarýar


«Ýaňlan, Diýarym!» täze zehinleri ýüze çykarýar
Meşhur aýdym-sazly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi



29-njy awgustda paýtagtymyzyň «Aşgabat» aýdym-saz merkezinde ýaş aýdymçylaryň arasynda geçirilýän «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry boldy. Medeniýet ministrligi, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti, welaýatlaryň häkimlikleri hem-de Aşgabat şäheriniň häkimligi tarapyndan bilelikde guralýan döredijilik bäsleşigi soňky ýyllarda estrada giňişliginde täze ýyldyzlaryň peýda bolmagyna ýardam etdi.
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyrynda ýaş aýdymçylaryň 12-si — ýigitleriň 8-si we gyzlaryň 4-si duşuşdy. Jemleýji tapgyra çykan zehinlileriň agramly bölegi sungat mekdeplerinde ilkinji aýdym-saz bilimine eýe bolup, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň welaýatlary ösdürmegiň çäklerinde bina edilen oba Medeniýet öýlerinde öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler.
Baýramçylygyň ahyrynda netijeler jemlenip, bäsleşigiň ýeňijileri yglan edildi. Dabaraly çäräniň barşynda bellenilişi ýaly, «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşigi milli Liderimiziň üns we goldaw bermegi netijesinde ýylsaýyn ýaş nesliň zehinleriniň köp sanlysyny öz hataryna çekýär. Olar öz aýdymlary we sazlary bilen mähriban Watanymyzy hem-de onuň gazanan üstünliklerini wasp edýärler.