Türkmen tomaşaçylary üçin Eýranyň folklor toparlarynyň aýdymlary we tanslary


Türkmen tomaşaçylary üçin Eýranyň folklor toparlarynyň aýdymlary we tanslary



Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Türkmenistan döwletimiz bilen dünýä döwletleriniň arasynda halkara hyzmatdaşlygyny netijeli ösdürmek, dünýäde parahatçylygy, asudalygy pugtalandyrmak boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Bu bolsa dünýäde ählumumy parahatçylygy pugtalandyrmaga, dünýä halklary bilen döwletimiziň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklarynyň gerimini giňeltmäge täze badalgalary berýär.

2023-nji ýylyň 10-15-nji fewraly aralygynda Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky medeniýet günleri geçirildi. 2023-nji ýylyň 12-nji fewralynda Türkmenistanyň Döwlet Medeniýet Merkeziniň Mukamlar köşgünde Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky medeniýet günleriniň açylyşy boldy. Konsertiň meýilnamasyna laýyklykda Eýran Yslam Respublikasynyň aýdym-sazlary ýerine ýetirildi.

Şular ýaly dabaralara gatnaşmaga uly mümkinçilikleri döredýändigi, medeniýet we sungat işgärlerine aýratyn üns berýänligi üçin hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, döwletli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris!