Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralar


Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralar



2020-nji ýylyň 25-nji aprelinde döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralar geçirildi. Şol dabaralaryň çäklerinde ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşiginiň hem-de döredijilik ugruna degişli hünärleriň wekilleriniň arasynda geçirilen ýaryşlaryň ýeňijilerini we baýrak eýelerini sylaglamak dabarasy boldy. Her ýyl geçirilýän bäsleşik türkmen atlarynyň şöhratyna bagyşlanan esasy baýramçylyk çäreleriniň biridir.

Bu ýerde baýramçylyk aýdym-sazlary ýaňlanyp, ruhubelentlik döretdi. Türkmenistanyň halk artistleri P.Amandurdyýewiň, A.Myratdurdyýewiň, G.Gurdowanyň, S.Hojakowanyň hem-de «Galkynyş», «Laçyn», «Serpaý», Türkmenistanyň Döwlet tans toparlarynyň ýerine ýetirmeklerinde «Bedew batly Türkmenistan» atly aýdym baýramçylyk şowhunyny döretdi. Gözellik we döredijilik bäsleşiginiň çäklerinde çykyş eden meşhur aýdymçylaryň aýdymlarynda türkmen ahalteke bedewiniň şan-şöhraty, döwletli-döwranly Watanymyz, Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan il-ýurt bähbitli işleri belentden wasp edildi.

Hormatly Prezidentimiziň sözlerine, Kerimguly Berdimuhamedowyň sazyna «Sportly Türkmenistan» atly aýdymy söýgüli aýdymçylarymyz A.Dönmezow, S.Kasymow, B.Annamyradow, B.Çaryýew hem-de Türkmenistanyň Döwlet tans topary, «Galkynyş», «Laçyn», «Serpaý» tans toparlary uly joşgun bilen ýerine ýetirdiler. 2020-nji ýylyň 26-njy aprelinde ýurdumyzda Türkmen bedewiniň milli baýramynyň dabaralary dowam edip, giňden bellenildi. Şol gün Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda esasy wakalar ýaýbaňlandy.

Ir bilen bu ýere türkmenistanlylaryň müňlerçesi ýygnandy, bu toplum baýramçylyk çärelerini geçirmek üçin ägirt uly sahnalaşdyrylan meýdança öwrüldi. Ahalteke bedewi milli medeniýetiň, türkmen halkynyň däp-dessurlarynyň dabaralanmagyny alamatlandyran köpöwüşginli tomaşanyň baş gahrymany boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy dutarçylar ansambly behişdi bedewlerimizi wasp edýän aýdym bilen garşyladylar. Bu ýerde amaly-haşam sungatynyň sergileri guralyp, onuň çäklerinde ak öýler dikilipdir, owadan halylar düşelen sekileriň üstünde eli çeper gelin-gyzlarymyz öz döredijilik işlerini görkezýärler, bagşylar halk aýdymlaryny we sazlaryny ýerine ýetirdiler. Türkmen halkynda gadymdan dowam halypa-şägeritler ýolunyň alnyp barylyşy hem görkezildi.

Paýtagtymyzyň hem-de ähli welaýatlaryň sergilän sergilerinde halkymyzyň milli senetkärligine we sungatyna degişli ugurlary açyp görkezildi. Aşgabat şäheriniň sergi bölüminde küýzegärlik, gobelen önümleriniň, bedew atyň nagyş salnan bezegleriniň, zergärçilik önümleriniň, at esbaplarynyň sergisi, milli saz gurallarda toý kakuwlarynyň ýerine ýetirilişi beýan edildi. Ahal welaýatyna degişli bölümde zergäriň ussahanasy sahnalaşdyrylyp, bu ýerde ussanyň işläp oturan pursady janlandyrylýar. Şeýle hem bu ýerde at esbaplary ünsüňi özüne çekdi. Balkan welaýatynyň wekilleri düýe bezegleriniň sergisini, suw-kädilerini haşamlamak işiniň sergisini, agaç ussasynyň iş pursadyny, gazal çekilişini görkezdiler. Lebap welaýatynyň wekilleri zähmet gurallarynyň sergisini, dürli kilimleriň sergisini, zenanlaryň iş pursadyny we dürli heňleriň aýdylyşyny görkezdiler. Daşoguz welaýatynyň bölüminde milli saz gurallarynyň, gön önümleriniň sergisi, dutar ussasynyň iş pursady, dessançylaryň çykyşy ýaýbaňlandyryldy. Mary welaýatynyň wekilleri bolsa ýüpek we dokma önümleriniň, aşhana gurallarynyň sergisini, dokmaçynyň iş pursadyny görkezmek bilen birlikde, gargy tüýdügiň we dutaryň owazynyň ýaňlanmagynda ýanama aýdymy ýerine ýetirdiler. Serginiň çäklerinde Türkmen bedewiniň milli baýramynyň hormatyna geçirilýän bäsleşikde ýeňiş gazanan heýkeltaraşlaryň, halyşynaslaryň, suratkeşleriň we beýleki döredijilik işgärleriniň eserleriniň sergisi uly gyzyklanma döretdi. Toplumyň çäklerinde ýaýbaňlandyrylan milli göreş Türkmen bedewiniň milli baýramynyň halkymyzyň gadymdan gelýän edim-gylymlarynyň mahsus häsiýetde giňden dabaralanýandygyny görkezdi. Ýeňiji bolan pälwanlar bolsa, elbetde, toý baýraklaryna eýe boldular.

Esasy sahnada ahalteke bedewleriniň şanyna Türkmenistanyň halk artisti Jemal Saparowanyň ýerine ýetirmeginde «Dokmaçylar» folklor toparynyň we ýokary okuw mekdepleriniň tans toparlarynyň gatnaşmagynda «Bu gün bedew baýramy gutlap Akradag geldi» atly ajaýyp aýdym ýaňlandy.

Baýramçylyk at çapyşyklarynyň arasynda ýurdumyzyň meşhur bagşylary türkmen bedewine bagyşlanan dürli aýdymlary ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler. Dabaranyň soňunda baýramçylyk sahna meýdançasynda Türkmenistanyň halk artisti Jemal Saparowanyň ýerine ýetirmeginde «Dokmaçylar» folklor toparynyň we ýokary okuw mekdepleriniň tans toparlarynyň gatnaşmagynda «Küştdepdi» aýdymy ýaňlandy.

Baýramçylyk ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan atşynaslary, şeýle hem köpsanly myhmanlary, janköýerleri bir ýere jemledi. Her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde ata Watanymyzda giňden bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramynyň geçirilmegi halkymyzyň öz ajaýyp bedewlerine we olary ösdürip ýetişdirmek sungatyna çuňňur hormat goýýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär.

Şeýle-de 26-njy aprelde ýurdumyzyň welaýatlarynda we paýtagtymyzda welosiped ýörişi we estafeta ylgaw ýaryşy geçirildi. Bu bolsa Türkmenistan döwletimizde sporta aýratyn üns berilýändiginden nyşan. Sport bilen meşgullanmaga ähli mümkinçilikler döredilen ýurdumyzda sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlar geçirip, türgenlerimiziň tejribeleriniň artmagyna ýol açýar. Baýramçylyk gününde geçirilen sport ýaryşlarynda bolsa medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlary ýaýbaňlabdyryldy. Çykyşlarda türkmen bedewini, sportuny, asuda Watanymyzy, Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan bimöçber işlerini wasp edýän aýdym-sazlar belentden ýaňlanyp, ýaryşa gatnaşyjylara ruhy goldaw berdi. Bu baýramçylyk dabaralaryna şowhunly aýdym-sazlar, täsirli tans-folklor çykyşlar, dürli görnüşli sergiler bilen gatnaşan döredijilik, medeniýet we sungat işgäleri hem uly goşant goşdular.