Paýtagtymyzda «Arkadag» myhmanhanasynyň açylyşy mynasybetli dabara hem-de «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada «Alkyş Size, şöhrat Size, Arkadag!» atly aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi


Paýtagtymyzda «Arkadag» myhmanhanasynyň açylyşy mynasybetli dabara hem-de «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada «Alkyş Size, şöhrat Size, Arkadag!» atly aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi



2021-nji ýylyň 29-njy iýunynda gözel paýtagtymyz Aşgabat şäherinde kaşaň «Arkadag» myhmanhanasynyň açylyş dabarasy geçirildi. Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda geçirilen bu dabara şatlyk-şowhuna, ruhubelentlige beslendi. Türkmenistanyň halk artisti Jemal Saparowanyň hem-de «Dokmaçylar» folklor toparynyň «Türkmeni arşa göteren Arkadag uzak ýaşa» atly aýdym dabarada uly şowhun bilen ýaňlandy. Dabaranyň dowamynda Türkmenistanyň halk artistleri A.Myratdurdyýewiň, G.Gurdowanyň, P.Amandurdyýewiň, S.Hojakowanyň «Köşgi-eýwan gutly bolsun Arkadag!», «Arkadag» atly aýdymlary hem dabaranyň täsirliligini artdyrdy. Taryhy günde açylyp ulanylmaga berlen şeýle ajaýyp binanyň açylyşyna gatnaşan medeniýet we sungat ussatlarynyň Hormatly Prezidentimize alkyşlary çäksizdir.
Şol gün «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada «Alkyş Size, şöhrat Size, Arkadag!» atly medeniýet we sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti geçirildi. Konsert Türkmenistanyň halk artisti Atageldi Garýagdyýewiň hem-de döredijilik toparlarynyň «Dünýäň Beýik Lideri Siz Arkadag!» atly şowhunly aýdym bilen başlandy. Konsertiň dowamynda Hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli işleri, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň beýik ösüşleri, asuda Watanymyzyň parahat günleri belentden wasp edildi. Päk söýgini wasp edýän duýguly aýdymlar hem ýerine ýetirdi. Konsertde ýurdumyzyň meşhur aýdymçylary A.Myratdurdyýew, S.Orazberdiýew, P.Hamydow, L.Begnazarowa, S.Hojakowa, A.Saparow, P.Amandurdyýew, J.Tagyýewa, G.Gurdowa, G.Ýazmämmedow, Z.Kakaýewa, N.Rejepow, S.Kasymow, M.Pirgulyýewa, D.Durdyýew, A.Dönmezow, G.Gulmyradowa, G.Öwezmämmedowa, O.Muhamowa ýaly aýdymçylaryň şowhunly aýdymlary ýerine ýetirdiler. «Meňli», «Näzli», «Laçyn», «Galkynyş», «Aşgabat», «Serpaý», Döwlet tans toparlarynyň ýerine ýetirilen ajaýyp tanslary dabaranyň bezegine öwrüldi. Konserte gatnaşyjylaryň jemleýji «Uzak ýaşa Arkadag!» atly aýdym uly şowhun-şatlyga beslendi.
Baýramçylyk şowhuny ýurdumyzyň welaýatlarynda hem uly şowhuna beslendi. Welaýat merkezlerindäki baýramçylyk meýdançalarynda aýdymçylaryň, bagşy-sazandalaryň belent sesi baýramçylyk ruhuny döretdi. Çykyşlarda Bitarap Watanymyz, ajaýyp zamanamyz, Hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli alyp barýan tutumly işleri belentden wasp edildi.