Alekseý Wasilýewiň konserti


Alekseý Wasilýewiň konserti

2020-nji ýylyň 16-njy martynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Russiýa Federasiýasynyň N.A.Rimskiý-Korsakow adyndaky Sankt-Peterburg döwlet konserwatoriýasynyň rektory Alekseý Wasilýewiň ýurdumyzyň sungat ussatlary bilen bilelikde konserti geçirildi.

Alekseý Wasilýew Sankt-Peterburgyň N.A.Rimskiý-Korsakow adyndaky döwlet konserwatoriýasynyň rektory, Russiýa Federasiýasynyň at gazanan artisti. Ol Sankt-Peterburgyň N.A.Rimskiý-Korsakow adyndaky döwlet konserwatoriýasynda Russiýanyň at gazanan artisti, professor A.P.Nikitiniň elinde wiolonçel ugry boýunça bilim alýar we şol ýokary okuw jaýyny 1995-nji ýylda tamamlaýar. Oňa Ýuriý Temižanowyň ýolbaşçylygynda Russiýanyň at gazanan topary, akademiki simfoniki orkestrinde, wiolonçelistleriň hatarynda işlemegi hem okuwy bilen bir wagtda alyp gitmek başardýar. 2015-nji ýylda Sankt-Peterburgyň döwlet konserwatoriýasynyň rektory wezipesine bellenýär. Alekseý konsertlere dirižýor hökmünde, dürli instrumental ansambllaryň solisti we agzasy hökmünde işjeň gatnaşýar we şol sanda Russiýanyň çäklerinde we daşary ýurtlarda ussatlyk sapaklaryny geçirýär.