«Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň ýeňijileri «Konserwatoriýanyň zehinli ýaşlary» atly saz festiwalynda çykyş etdiler


«Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň ýeňijileri «Konserwatoriýanyň zehinli ýaşlary» atly saz festiwalynda çykyş etdiler



Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda noýabr aýynyň çäginde «Konserwatoriýanyň zehinli ýaşlary” atly saz festiwaly geçirildi. Festiwalyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrunda geçirilýän bäsleşigiň çäklerinde geçirilýän «Çalsana, bagşy!» atly bäsleşiginiň ýeňijileriniň konserti guraldy. Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň halk sazy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Merdan Baýramgeldiýew hem-de şol fakultetiň bagşy hünäriniň 4-nji ýyl talyby Göwher Tuhyýewanyň bilelikdäki konserti geçirildi.

Konsertiň başynda Göwher Tuhyýewa türkmen halk aýdymy «Atça bolmaz» diýen eseri bilen açdy. Soňra konsertiň dowamynda Göwher Tuhyýewa «Gördüňmi» ,«Unutma», «Söýmüşem», «Janlarym», «Tabşyrdym» ýaly salyr-saryk ýolunda aýdylýan aýdymlary örän ezberlik we ussatlyk bilen ýerine ýetirdi. Bagşy gyzyň joşgunly owazynda aýdylan bu aýdymlar bolsa tomaşaçylaryň şowhunly, gyzgyn el çarpyşmalaryna mynasyp boldy. Bu ýaş zehinli talyba onuň halypa mugallymy, ýagny bagşyçylyk sungaty kafedrasynyň müdiri, Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly mugallymy Garýagdy Saryýew hem-de «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň çäklerinde geçirilýän «Çalsana, bagşy!» atly bäsleşiginiň geçen ýylky ýeňijisi Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň türkmen sazy kafedrasynyň mugallymy Myrat Aşyrow, şeýle-de halk sazy fakultetiniň türkmen sazy hünäriniň 2-nji ýyl talyby Kerim Pirnepesow dagy sazandarlyk etdiler.

Göwher Tuhyýewa öz çykyşyny «Köne güzer» atly türkmen halk aýdymy bilen jemledi. Ýatlatsak, bu halk aýdym talyp gyza bäsleşikde ýerine ýetirip, oňa ýeňiş getirdi. Bu eserde talyp bagşy gyz salyr-saryk ýolunyň inçe tärleridir, syrlaryny açyp görkezdi.

Göwheriň çykyşyndan soňra «Çalsana, bagşy!» bäsleşigiň ýeňijisi Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Halk sazy» fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Merdan Baýramgeldiýew hem çykyş etdi. Ol bu öz çykyşynyň başyny türkmen halk aýdymy «Gara göz» atly aýdymyny ýerine ýetirdi.

Soňra türkmen halk aýdymy «Göwnüm», «Senemiň», «Al Senem» ýaly eserlerini örän ussatlyk bilen ýerine ýetirdi hem-de tomaşaçylaryň el çarpyşmalaryna mynasyp boldy. Talyp ýigide dutar saz guralynda halk sazy fakultetiniň 5-nji ýyl talyby Jumageldi Alyýew hem-de gyjak saz guralynda halk sazy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Gurbangeldi Saparow dagylar örän erjellik bilen sazandarlyk etdiler.

Merdan Baýramgeldiýew konsertiň ahyrynda türkmen halk aýdymy «Maral geldi» diýen aýdymy ýerine ýetirdi. Belläp geçsek, bu türkmen halk aýdymy Merdana «Çalsana bagşy» atly bäsleşikde hem üstünlik getiripdi.

Konserti Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň halk sazy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Arslan Şiriýew alyp bardy.