«Zenanlar – Watanymyzyň buýsanjydyr»


«Zenanlar – Watanymyzyň buýsanjydyr»



Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň her bir güni toýdur baýramlara beslenýär. Ýurdumyzda ählihalk tarapyndan bellenilýän baýramçylyklara bagyşlanyp dürli medeni çäreler, konsertler we edebi aýdym-sazly agşamlar yzygiderli geçirilip, olaryň gyzykly we täsirli bolmagy ugrunda degişli işler alnyp barylýar.

Gahryman Arkadagymyzyň «Zenanlar – Watanymyzyň buýsanjydyr» diýen şygary ýurdumyzda zenanlara goýulýan çuňňur hormat-sarpanyň nyşanydyr. Hormatly Prezidentimiziň «Enä tagzym – mukaddeslige tagzym» atly ajaýyp kitaby bolsa türkmen halkynyň kalbynda enä bolan çäksiz buýsanç duýgusyny döredýär. Hormatly Arkadagymyzyň enelere goýýan hormaty, şahsy göreldesi bolsa ýaş nesillerimiziň zenanlara bolan sarpasyny has-da artdyryp, olaryň geljekde hem mähir bilen gurşalyp alynmagyna sebäp bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň hossarlyk aladalary bilen ýurdumyzda zenanlaryň hukugy kanun esasynda goralýar. Halkymyz geçmişde-de zenan maşgalalara aýratyn uly hormat goýup gelipdir. Türkmen zenanlaryny owadan we gymmatbahaly şaý-sepler bilen bezelendiklerine, olara ýüpek-parça geýdirilendigine, olaryň arzylanandygyna taryh aýdyň şaýat bolýar.

Eneler öz balasy üçin gorag galasy, saýa-penasy, perzendiniň bolsa diliniň senasy bolýar. Mähriban enelerimiziň, gelin-gyzlarymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy, ylym-bilim almagy, döredijilikli işlemegi, medeniýetli dynç almagy üçin ýurdumyzda ähli amatlyklar döredilýär.

Döwletimizde her bir maşgalanyň söýenji bolan zenanlara aýratyn uly hormat goýulýar. Kümüş saçly enelerimiz öýlerimiziň bezegi, perzentlerine görüm-görelde bolup, akyl-paýhasy, hereketi bilen görelde mekdebi bolup durlar. Ene nesihatlarynyň, ündewleriniň her biriniň düýbünde umman ýaly many, inçe we näzik duýgular, akyl, parasat we paýhas bar.

Ene-mamalarymyz her bir aýdan sözüni ýöne ýere aýtman, eýsem, müňlerçe ýyllaryň dowamynda durmuş synagyndan geçirip aýdypdyrlar. Ene-mamalarymyz türkmen maşgalasynda tutulýan toý-baýramlarynda maslahatçy bolup, gadymdan gelýän milli däp-dessurlarymyzy ýerine ýetirmekde we wagyz etmekde netijeli işleri alyp barýarlar. Ähli ugurlarda zähmet çekýän gelin-gyzlarymyz, zenanlarymyz ýurdumyzyň ykdysady ulgamynyň ösmegine hem önjeýli goşant goşýarlar. Zenanlarymyzyň gollaryndan döreýän ajaýyp türkmen halylary 2019-njy ýylda ÝUNESKО-nyň «Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna» girizildi.

Ynha ýurdumyzda uludan bellenilýän baýramlarymyzyň biri-de Halkara zenanlar günidir. Bu baýram mynasybetli 2020-nji ýylyň 7-nji martynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde medeniýet we sungat ussatlarymyzyň taýýarlan baýramçylyk konserti uly şowhun bilen geçirildi. Ýurdumyzyň tanymal estrada aýdymçylarynyň we belli bagşylarynyň ýerine ýetiren belent owazly aýdymlary tomaşaçylaryň gyzgyn el çarpmalaryna mynasyp boldy. Folklor-tans toparlarynyň täsirli tanslary we çagalar toparlarynyň çykyşlary konsertiň täsirliligini hasam artdyrdy.

Konsert ýurdumyzyň döredijilik toparlarynyň we Türkmenistanyň halk artisti A.Berdiýewiň ýerine ýetiren «Enä tagzym – mukaddeslige tagzym» atly edebi-sazly kompozisiýa bilen başlandy. Konsertiň dowamynda Türkmenistanyň halk artistleri Atageldi Garýagdyýew, Kakadurdy Täjimow, Kakageldi Çaryýew, Toýguly Jepbarow, Sähetmämmet Rejepbaýew, Annaguly Myratdurdyýew, Parahat Amandurdyýew, Akmuhammet Hanow, Türkmenistanyň at gazanan artistleri Daňatar Gurbanow, Guwanç Ýazmämmedow, Nurýagdy Rejepow, tanymal aýdymçylar Begmyrat Annamyradow, Ahmet Atajanow, Rahman Hudaýberdiýew, Azat Dönmezow ýaly aýdymçylaryň, ýigitlerden düzülen aýdymçylar toparlaryň, Türkmenistanyň Döwlet horunyň, «Güneş», çagalar hor we «Joşgun», «Ruhubelent çagalar» çagalar tans toparlaryň, «Dokmaçylar», «Meňli», «Näzli», «Laçyn», «Galkynyş», «Serpaý», «Aşgabat», «Ak mermer», Türkmenistanyň Döwlet tans toparlarynyň çykyşlarynda esasan mähriban enelerimizdir ejelerimiz, gelin-gyzlarymyz hakdaky aýdymlary ýerine ýetirdi. Konsert «Eneleriň bagtynda ýaşa Arkadag!» atly aýdym bilen tamamlandy. Konsertde çykyş edenler esasan ýigitlerimiz bolup, olar dünýäniň bezegi bolan eneler üçin ene hakda milli we nusgawy aýdymlary şeýle-de Arkadagly Watanymyzda ýetilýän belent sepgitleri, agzybir we jebis halkymyzy, asuda we parahat ýurdumyzy wasp edýän aýdymlary ýerine ýetirdiler.