Saglyk ýolundaky medeni çykyşlar


Saglyk ýolundaky medeni çykyşlar



Hormatly Prezidentimiziň 2020-nji ýylyň 8-nji fewralynda hut özüniň Saglyk ýoluna çykyp, görkezen şahsy göreldesinden ugur alnyp, 2020-nji ýylyň 9-njy fewralynda paýtagtymyzda, şeýle-de welaýat merkezlerinde «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» ady bilen köpçülikleýin ýörişler, sport ýaryşlarydyr dabaralar geçirildi. Gahryman Arkadagymyzyň amala aşyrýan giň möçberli özgertmeleriniň, parasatly syýasatynyň netijesinde döwletimiz sagdynlygyň we bagtyýarlygyň ýurdy hökmünde dünýäde ykrar edilýär.

Halkymyzyň saglygy we abadançylygy baradaky alada, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hem-de sport hereketini höweslendirmek hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarydyr. Milli Liderimiz sagdyn durmuş ýörelgesiniň tarapdary we wagyzçysy bolup, ähli ildeşlerimizi, ilkinji nobatda bolsa, ýaşlary bedenterbiýe hem-de sport bilen yzygiderli meşgullanmaga ruhlandyrýar.

Ýöriş ir säher bilen Köpetdaga bezeg berýän Saglyk ýolundan başlandy. Ýörişe Hökümet wekilleri we Mejlisiň deputatlary, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň, ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarydyr talyp ýaşlary, şeýle hem sport mekdepleriniň türgenleri gatnaşdylar. Bu ýerde çykyş eden ýurdumyzyň tanymal aýdymçylary Türkmenistanyň halk artistleri A.Hanowyň, S.Orazberdiýewiň, A.Berdiýewiň, Türkmenistanyň at gazanan artistleri G.Öwezowanyň, I.Annamämmedowyň, aýdymçylar E.Ahmedowyň, B.Annamyradowyň, G.Hajymyradowanyň, R.Amanowyň, A.Nazarowyň, Ü.Annanurowyň, A.Bazarowyň, Ş.Hojagulyýewiň, M.Gündogdyýewiň, G.Orazdurdyýewanyň, D.Ýowyýewiň hem-de «Galkynyş» we Türkmenistanyň Döwlet tans toparlarynyň çykyşlary Saglyk ýoluna çykýanlaryň ruhuny göterdi. Ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň çykyşlarynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň gazanýan üstünlikleri belentden wasp edildi. Sport hakyndaky aýdymlar bolsa çykyşlaryň esasy mazmunyny düzdi.

Saglyk ýolunyň tamamlanýan ýerinde türgenleriň görkezme çykyşlary guraldy. Şu ýerde bu ýoly geçmekde has tapawutlananlary sylaglamak dabarasy boldy.