Koreýada Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçirildi
Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan oňyn daşary syýasaty netijesinde halkara derejesinde döredijilik çäreleri yzygiderli guralýar. 2023-nji ýylyň 29-31-nji mart aralygynda Koreýa Respublikasynyň Seul we Yyjon-bu şäherlerinde Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçirildi. Medeniýet günlerini geçirmek üçin medeniýet we sungat işgärleri, alymlar, žurnalistler, mugallymlar, uly türkmen wekiliýeti gatnaşdy. Bu çäräniň tapawutly aýratynlygy oňa ýaş zehinleriň, ýurdumyzyň döredijilik ugurly ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşýandygyndan ybaratdyr.
Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň açylyşy 29-njy martda Koreýanyň Söwda Senagat edarasynyň binasynda geçirildi. Döredijilik çäresiniň açylyşynda parahatçylygy, dostlugy pugtalandyrmakda we dostlukly halklaryň medeniýetlerini baýlaşdyrmagy nygtaldy. Medeniýet günleriniň 1-nji güni dostluk konserti boldy. Konsertde iki ýurduň sungat ussatlary çykyş etdiler.
Türkmen halk döredijiliginde meşhur türkmen sazandalary şeýle hem Türkmen döwlet Medeniýet institutynyň «Miras» folklor topary çykyş etdiler. Owadan ýerine ýetirilişde türkmen toýlarynyň däp-dessurlaryndan parçalar görkezildi. Ajaýyp egin-eşikler, milli saz gurallaryň owazlary konserte gatnaşýanlarda ajaýyp duýgulary döretdi. Şeýle hem käbir çykyşlar Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyna bagyşlandy. Milli sungatyň nusgawy görnüşlerin hem-de häzirki zaman estrada sungatynda meşhur türkmen aýdymçylary wekilçilik etdiler. Türkmen sungat işgärleriniň ýerine ýetirmegindäki Koreý dilinde aýdymlar uly ruhubelentlik bilen garşylandy.
30-njy martda medeniýet günleri HANK KUNK daşary ýurt dilleri uniwersitetinde dowam etdi. Bu ýerde sergi, konsert, hem-de türkmen kinolarynyň görkezilişi boldy.