Aşgabatda nusgawy aýdymdyr sazlaryň konserti geçiriler


Aşgabatda nusgawy aýdymdyr sazlaryň konserti geçiriler



Şu ýylyň 16-njy dekabrynda Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary we myhmanlary üçin nusgawy aýdymdyr sazlaryň konserti geçiriler. Konsert «Türkmenistan» kinokonsert merkezinde guralar.

Konsertiň dowamynda Türkmenistanyň halk artisti Gülnar Nuryýewa, Türkmenistanyň at gazanan artisti Bibijemal Amanowa, Maýa Gullaýewa, şeýle-de Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşigiň ýeňijisi Begenç Moşşyýew dagy çykyş ederler. Görnükli aýdymçylara Stella Faramazowa, Bahram Dolyýew, Tahyr Ataýew, Akmyrat Gurbanow, Kakageldi Hojalekow dagy sazadarlyk ederler.

Konsert 19:00-da başlanar.

Habarlaşmak üçin +99365-05-29-67 telefon belgisine jaň edip bilersiňiz.