Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet günleri
12-nji fewralda Mukamlar köşgünde dabaraly açylyşy bolan bu medeni çäre ýüregiňi joşdurýan aýdym-sazlar bilen birlikde Şekillendiriş sungaty muzeýinde guralan amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi hem-de eýran tagamlary bilen uly täsir galdyrdy. Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda geçirilen türkmen hem-de eýran amaly-haşam sungatynyň wekilleriniň ussatlyk sapaklary we döredijilik duşuşygy onuň täsirliligini has-da artdyrdy.
«Aşgabat» kinoteatrynda görkezilen eýran kinofilmleri bu ýurduň görnükli kino eserleri bilen ýakyndan tanyşmaga döredilen ajaýyp mümkinçilik boldy.
Eýranly sungat ussatlarynyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň sahnasynda ýerine ýetiren aýdym-sazly, tansly joşgunly çykyşlary doganlyk-dostlugyň egsilmez güýje eýediginiň beýany bolup, belentden-belent ýaňlandy. Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet günleriniň çäklerinde eýranly myhmanlar Türkmen halysynyň milli muzeýine baryp görmäge mümkinçilik aldylar.
Medeniýet günleri halklaryň arasynda dostlugy berkitmäge hyzmat edýär. Ol medeniýet, sungat ussatlarynyň özara tejribe alyşmagy, halklaryň milli ruhy-medeni gymmatlyklar bilen tanyşmaklary üçin uly halkara çäredir.