KOREÝA RESPUBLIKASYNDA TÜRKMEN SUNGAT USSATLARYNYŇ KONSERTI BOLDY


KOREÝA RESPUBLIKASYNDA TÜRKMEN SUNGAT USSATLARYNYŇ KONSERTI BOLDY



30-njy martda Medeniýet günleriniň çäklerinde Koreýanyň Hanguk halkara ylymlar uniwersitetinde türkmen sungat ussatlarynyň konserti boldy. Oňa dostlukly ýurduň wekilleri bilen birlikde, Koreýanyň beýleki ýokary okuw mekdeplerinde, şol sanda bu uniwersitetde bilim alýan türkmen talyplary-da tomaşa etdiler.

Uniwersitetiň girelge zalynda türkmen halkynyň Milli Lideriniň kitaplarynyň, milli gymmatlyklarymyzyň, amaly-haşam sungatynyň eserleriniň, zergärçilik önümleriniň sergisi guraldy. Sergidäki gymmatlyklar çärä gatnaşýanlarda uly gyzyklanma döretdi.

Konsert tamamlanandan soňra bu ýokary okuw mekdebinde Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi tarapyndan surata düşürilen «At — myrat» atly türkmen kinosy koreý dilinde görkezildi. Çeper film arkaly koreýaly tomaşaçylar halkymyzyň milli atşynaslyk, seýisçilik sungaty, bu ugurdaky halypa-şägirtlik ýörelgeleri bilen tanyş boldular.

Türkmenistanly sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeginde türkmen we koreý dillerinde ýaňlanan aýdym-sazlar yzygiderli berkidilýän gadyrly gatnaşyklaryň dostluk owazlary bolup, tomaşaçylaryň şowhunly el çarpyşmalary bilen garşylandy. Medeniýet günleri dowam edýär.

«SalamNews».