Türkmen – hytaý medeni hyzmatdaşlyk işjeňleşýär


Türkmen – hytaý medeni hyzmatdaşlyk işjeňleşýär



Türkmenistan 2023-nji ýylyň 15-18-nji sentýabry aralygynda Demirgazyk Hytaýyň Hebeý welaýatyndaky Lanfan şäheriniň «Ýüpek ýoly» halkara sungat merkezinde geçiriljek «Bir guşak, bir ýol – Beýik diwar» atly ikinji halkara halk sungaty festiwalyna gatnaşmaga çagyryldy.

Hytaýyň Medeniýet we syýahatçylyk ministrligi hem-de Hebeý welaýatynyň hökümeti «Ýüpek ýoly» halkara sungat merkezi bilen bilelikde guralan bu festiwal Beýik diwaryň medeniýetini wagyz etmegi we festiwala gatnaşýan ýurtlar bilen medeni alyş-çalşy ösdürmegi maksat edinýär.

Festiwalyň guramaçylary «Ýüpek ýoly» halkara sungat merkezine türkmen suratkeşlerini garşylamaga taýýardyklaryny mälim edip, Hytaý bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostlugy çuňlaşdyrar diýip hasaplaýarlar.

Hytaýda geçiriljek festiwalda Türkmen döwlet medeniýet institutynyň aýdym-saz topary çykyş eder.

Toparda medeni miras fakultetiniň «Medeni köpçülikleýin işleri guramak» bölüminiň mugallymy Merdan Abaýew, okuw teatrynyň ýolbaşçysy Enejan Annageldiýewa we institutyň sekiz talyby bar.

Hytaýda ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşulan «Küştdepdi» gadymy türkmen aýdym-saz sungatyny hödürlär we türkmen toýy, beýleki halk däp-dessurlary görkeziler.

Ýewropanyň, Günorta Amerikanyň, Ýakyn Gündogaryň, Günorta we Gündogar Aziýanyň we Afrikanyň 20-den gowrak ýurtlarynyň wekilleri bilen bilelikde ýaş türkmen artistleri 2023-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda festiwalyň açylyş dabarasyna bagyşlanan uly Gala konsertine gatnaşarlar we çykyş ederler.