Dost-doganlyk gatnaşyklary
Ýakynda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy, şeýle hem, 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli Ermenistan Respublikasynyň Ýerewan şäherinde Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti geçirildi.
Häzirki döwürde Türkmenistan döwletimiziň dünýäniň beýleki ýurtlary bilen bolşy ýaly Ermenistan Respublikasy bilen hem hoşniýetli hyzmatdaşlyklar barha kämilleşýär. Türkmenistanda hem-de Ermenistan Respublikasynda geçirilýän medeni dabaralar iki ýurduň medeniýet we sungat ussatlary yzygiderli gatnaşýarlar.
Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Ermenistan Respublikasynyň Ýerewan şäherinde Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konsertiniň geçirilmegi hem, türkmen we ermeni halklarynyň baky dost-doganlygyndan nyşandyr.
Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny giňden wagyz etmek maksady bilen, Türkmenistanda hem-de dünýä ýurtlarynda halkara medeni çäreleri yzygiderli geçirilýär. Magtymguly Pyragy öz eserlerinde parahatçylygy, agzybirligi, dost-doganlygy ündän, ynsan kalbynda baky orun alan akyldar şahyrdyr. Ýeri gelende, Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň ermeni diline terjime edilip, kitaplarynyň neşir edilendigini, ermeni ýazyjy-şahyrlarynyň, edebiýatçylarynyň Magtymguly Pyraga bagyşlap birnäçe makalalary ýazandyklaryny bellemek aýratyn ýakymlydyr.
Ýerewan şäherinde geçirilen konsertde Maýa Kuluyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymlary we talyplary çykyş etdiler. Konsertiň meýilnamasyny ýurdumyzy wasp edýän aýdymdyr sazlar, Magtymguly Pyragynyň goşgularyna döredilen aýdymlar, Ermenistan Respublikasynyň şahyrlarynyň we kompozitorlarynyň döreden aýdymlary, türkmen milli aýdym-sazlary, operalardan we kinofilmlerden aýdymlar düzdi. Ýerewan şäheriniň ýaşaýjylary tarapyndan gyzgyn garşylanan bu konsert tomaşaçylaryň uzak el çarpmalaryna mynasyp boldy.
Türkmen we ermeni halklarynyň arasynda hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge we pugtalandyrmaga giň ýollar açan Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Türkmenistanyň hem-de Ermenistan Respublikasynyň Hormatly Döwlet Baştutanlaryna tüýs ýürekden alkyşlar aýdýarys hem-de berk jan saglyk, uzak ömür, alyp barýan döwlet ähmiýetli işlerinde uly üstünlikleri arzuw edýäris!