«Näzli» tans toparynyň agzalary Halkara tans we aýdym-saz festiwalyna gatnaşar


«Näzli» tans toparynyň agzalary Halkara tans we aýdym-saz festiwalyna gatnaşar



2023-nji ýylyň 18 — 20-nji oktýabry aralygynda Hindistanyň Nýu-Deli şäherinde Halkara tans we aýdym-saz festiwaly geçiriler. Oňa «Näzli» tans toparynyň agzalarynyň 11-si gatnaşar.

Ýakynda Hindistanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Widhu Pithambaran Nair «Näzli» tans toparyň agzalary bilen duşuşyp, olara halkara festiwalda üstünlik arzuw etdi. Mundan başga-da hindistanly ilçi toparyň agzalaryna festiwal we Hindistan barada gürrüň berdi.

«Näzli» tans toparynyň festiwala gatnaşmagy Türkmenistan bilen Hindistanyň arasyndaky Hyzmatdaşlyk Maksatnamasynyň çäginde amala aşyrylýar.

Hindi ilçihanasynyň sosial ulgamlarynda habar berilişi ýaly, «Näzli» tans topary azyndan iki festiwal meýdançasynda çykyş eder diýlip garaşylýar.